Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistan Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky harby ýaranlyga maliýe goýbermegini bes etdi


Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň türgenleşikleri (arhiw suraty)
Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň türgenleşikleri (arhiw suraty)

8-nji maýda Ermenistan Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyna (KHŞG) maliýe serişdelerini goýbermegini bes edýändigini yglan etdi. Bu Ýerewanyň Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky harby ýaranlykdaky agzalygyny iş ýüzünde togtadanyndan soň edildi.

“Ermenistan KHŞG-niň 2024-nji ýyldaky býujeti baradaky 2023-nji ýylyň 23-nji noýabryndaky netijä gol goýmakdan, we bu guramanyň hereketlerini maliýeleşdirmekden saklanar” diýip, Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Ani Badaliýan habar serişdelerine aýtdy.

Şol bir wagtda, Badaliýan Ýerewanyň beýleki agza döwletleri, şol sanda Belarusy, Gazagystany, Gyrgyzystany we Täjigistany hem şu ädimi etmäge iteklemejekdigini belledi.

Bir ýyl çemesi wagt bäri Ermenistan KHŞG-niň ýokary derejeli duşuşyklaryna, harby türgenleşiklerine we beýleki çärelerine gatnaşman gelýär. Fewralda premýer-ministr Nikol Paşiniýan iş ýüzünde öz ýurdunyň bu guramadaky agzalygyny togtadandygyny aýtdy.

Mundan soň, Paşiniýan eger-de Ýerewanyň bildiren aladalaryna jogap bolmasa, onda ozalky sowet respublikalarynyň altysynyň emele getirýän ýaranlygyndan öz ýurduny çykaryp biljekdigini hem duýdurdy.

Geçen hepde Russiýanyň Daşary işler ministrligi Ermenistanyň formal taýdan KHŞG-niň doly derejeli agzasy bolup galýandygyny, şol sebäpli-de guramanyň öňündäki “borçnamalaryny degişli ýagdaýda berjaý etmelidigini” aýtdy.

XS
SM
MD
LG