Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa Owganystana goşmaça esger ibermäge taýýar


Britaniýanyň Premýer-ministri Gordon Braun goşmaça ýene 500 esgeri Owganystana ibermäge taýýardygyny aýtdy. Emma münuň üçin birnäçe şertleriň ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny Gordon Braun şu gün parlamentde eden çykyşynda nygtapdyr.

Şol şertleriň hataryna NATO-nyň beýleki agza ýurtlarynyň hem Owganystandaky esgerleriniň sanyny artdyrmagy, britan esgerleriniň doly enjamlaşdyrylmagy, hem-de has köp owgan esgerleriniň turgenleşdirilip başlanmagy ýaly şertler girýär.

Häzirlikçe, Britaniýa ABŞ-dan soň Owganystana iň köp esger iberen ýurt hasaplanýar. Owganystanda 9 müň esgerden ybarat britan goşuny ýerleşdirilen. 2001-nji ýylda Owganystandaky uruş başlaly bäri 221 britan esgeri wepat boldy diýlip, habar berilýär.

XS
SM
MD
LG