Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda din döwletden aýrymy?


Aşgabatdaky Ärtogrul Gazy metjidi.
Aşgabatdaky Ärtogrul Gazy metjidi.

Dini azatlyklar barada maglumat berýän düýbi Norwegiýadaky F18 guramasynyň 13-nji oktýabrda ýaýradan beýannamasynda türkmen häkimiýetleriniň din ýa-da ynanç azatlygy hakynda iki taraplaýyn hereket edýändigi aýdylýar.

«Ähli dini ýa-da ynanç azatlyklryny çäklendirýän Türkmenistanyň dini meseleler boýunça geňeşiniň käbir resmileri dindarlar bilen bagly iki taraplaýyn rol oýnaýarlar» diýip, şol beýnnamany ýaýradan F18 guramasynyň baş redaktory Feliks Korleý ýazýar.

Din we döwlet

Dini azatlyklara gysyş görkezilmeginde dini meseleler boýunça geňeşiň başlyklygyna täze bellenen müfti Gurban Haýytlyýewiň rol oýnaýndygyny-da F18 mälim edýär.

Haýytlyýew öň Lebap boýunça Geňeşiň başlygydy. Bu wezipä ýolbaşçylar hökümet tarapyndan bellenilýär. Ýöne Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 12-nji maddasynda din döwletden aýry diýlip ýörite bellenilýär. Şonuň üçin bu meselede häkimiýetleriň iki hili rol oýnaýandygy öňe sürülýär. Hatda geňeşiň resmileriniň we dini jemagatlaryň ýolbaşçylarynyň Milli howpsuzlyk ministrligi bilen hyzmatdaşlyk edýändigi-de aýdylýar.

Aşgabat ýaşaýjylarynyň F18-e mälim etmeklerine görä, Döwlet uniwersitetiniň teologiýa fakultetiniň binasy öňünden duýduryş berilmezden, ýykylypdyr. Ýöne Geňeşiň başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Gurbanow dini azatlyklar babatynda Türkmenistanda hiç hili problemanyň ýokdugyny F18-e bildiripdir.

Gözegçiligiň güýçlendirilmegi

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde Korleý bu barada şeýle diýdi: «Sentýabr aýyynda hökümetiň täze baş müfti bellemegi musulman jemagatyna gözegçiligi güýçlendirýändigini görkezýär. Diňe musulmanlar däl, eýsem beýleki dinlere ynanýanlar-da gözegçilik astynda durýarlar. Ähli zada prezidentiň berk kontrollyk edýän Türkmenistan ýaly ýurdunda dini azatlyklaryň ösýändigi hakynda bir söz aýtmak kyn. Şoňa görä, täze müftiniň-de hökümetiň buýrugy bolmazdan, müftiler geňeşi ýa-da topary tarapyndan saýlanandygyna ynanmak kyn. Şujagaz mysaldan mälim bolşuna görä, hatda musulman jemagaty-da erkin hereket edip bilenok».

F18-iň maglumatyna görä, Türkmenistanda hereket edýän adwantistler toparynyň ýygnanyşýan ýeri 1999-njy ýýlda buldozer bilen ýumrulypdy, hökümet olara kompensasiýa-da tölemedi, şondan bäri olar kafelerde ýa-da şoňa meňzeş ýerlerde üýşmäge mejbur bolýarlar. Käbir dini toparlary hökümet resmi taýdan hasaba alanok, hasaba alan ýagdaýynda-da olar berk gözegçilige sezewar bolýarlar.

Beýleki dini toparlar

Türkmenleriň arasynda başga dine geçýänleriň sanynyň göze iler derejededigi aýdylýar. Mysal üçin, adwantistler dini ynançlaryna görä harby gulluk etmegiň dogry däldigini aýdýarlar we gulluga gidenoklar. Häkimiýetler bolsa gulluk borjuny ýerine ýetirmejek bolup, ýaşlaryň başga dine geçýändigini öňe sürýärler. F.Korleý bu toparyň ýaşlaryň alternatiw gulluk döredilen ýagdaýynda parahat maksatlar ugrunda, mysal üçin, keselhanalarda gulluk etmäge taýýardyklaryny aýdýar.

Feliks Korleýiň aýtmagyna görä, resmi taýdan hasaba alnyp-alynmanlygyna garamazdan, her bir dindar, her dine ynanýan adam, häkimiýetler tarapyndan hiç hili gysyşa duçar edilmezden, öz dini mezhebini ýerine ýetirmäge hukugy bar we bu hukuk Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynda beýanyny tapdy.

Türkmenistan özüniň dünýewi döwletdigini aýdýar, Konistitusiýada söz hem wyždan azatlygy kepillendirilen. Hatda prezident Berdimuhamedowyň «döwlet adam üçin» diýen sözi şygar edilip göterildi. Şonuň üçin söz, ýygnaklar we dini azatlyklara doly rugsat edilse, Türkmenistanyň abraýy dünýäde has-da ýokarlanardy – diýip, käbir ýerli synçylar we diňleýjilerimiz aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG