Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk-ermeni ylalaşygy we Daglyk Garabag


Daglyk Garabag, 2008 ý.
Daglyk Garabag, 2008 ý.

10-njy oktýabrda Türkiýe bilen Ermenistan gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak ugrunda protokola gol çekdiler.

Şweýsariýadaky şol gol çekişlik dabarasyna bu iki döwletiň daşary işler ministrlerinden daşgary-da Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Hillary Klinton, Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Ýewropa Bileleşiginiň Daşary syýasat boýunça komissary Hawier Solana dagylar gatnaşdylar.

Daglyk Garabag boýunça aladalar

Türkiýäniň we Ermenistanyň gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak ugrundaky tagallalary heniz üstünde konflikt dowam edýän Daglyk Garbag baradaky gaýgy-aladalary artdyrýar.

85 ýaşly Garabagly ermeni Aleksandr Osipow bu gepleşiklere nägilelik bildirip, şeýle diýýär: «Ahyrsoňunda Garabag halky erkin ýaşamak hakynda karar kabul etdi. Eger biz Azerbeýjanyň bir bölegi bolup galsak, hiç haçan erkin bolmarys. Biz öz respublikamyzda ýaşamak isleýäris. Biz ermeni we erminler bilen ýaşamak isleýäris» diýip, Osipow aýdýar.

Daglyk Garabagyň üstünde Ermenistan bilen Azerbeýjanyň arasynda alty ýyllap uruş boldy, 1994-nji ýylda atyşyklar ýatyrylandan soňra Garabagdaky erminler bir taraplaýyn garaşsyzlygy yglan etdiler. Aglaba ýaşaýjylary ermenilerden bolan bu region Azerbeýjana degişli.

Ermenistanyň Garabagy basyp almagyna protest hökmünde Bakuwy goldap, Türkiýe Ýerewan bilen diplomatik gatnaşyklary ýatyrdy, muňa ermeni tarapynyň osmanly döwründe türkler etniki ermenileri gyrgyna berdi diýen garaýşy-da öz täsirini ýetirdi.

Bu mesele gozgaldymy?

Ýerewan bilen Ankara arasynda gol çekilen protokolda Garabag meselesiniň-de orun alandygyny azerbeýjanly syýasy analitik Ilgar Mämmedow aýdýar: «Gol çekişlik dabarasyna Garabag boýunça Minsk toparynyň egindeş ýolbaşçylary-da gatnaşdylar. Türkiýe-Ermenistan dostlukly gatnaşykary hakyndaky protokolda Ermenistan-Azerbeýjan meselesi-de orun alýar, bu gatnaşykdan sowulmaga Ermenistanyň ýoly ýok» diýip, Mämmedow aýdýar.

Ankara-Ýerewan arasynda alnyp barylýan bu tagallalardan Günbatar razydygyny aýdýar, ýöne Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýip Ärdoganyň 11-nji oktýabrdaky çykyşy nägilelik döretdi. Şonda Erdogan Ermenistan basyp alan azeri topragyndan çekilýänçä Türkiýäniň parlamentiniň bu protokoly makullamazlygy mümkin diýdi.

Erdoganyň bu sözlerine Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan nägilelik bildirip, beýle sözleriň Ýerewanda-da, Ankarada-da göwnüçökgünlige alyp geljekdigini aýtdy. Çarşenbe güni Türkiýe-Ermanistan arasynda oýnaljak futbol ýaryşyna tomaşa etmäge Sarkisýan Türkiýä barýar, mundan ozal Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül-de futbol ýaryşyna tomaşa etmäge Ýerewana barypdy.

Uruş zerarly...

Uruş zerarly 700 müň çemesi azeri öý-owzarlaryny terk etmäge mejbur boldular, olar Bakuwdan 350 km uzaklykda ýerleşdirildiler. Olar durmuş şertleriniň agyrdygyny aýdýarlar. 43 ýaşly Yusef Abbasow bu barada şeýle diýýär: «Hiç kim ýedi adam bolup, bir otagda ýaşamak islänok, 85 adam bolup bir hajathana nobata durmaly, adamlar biri-biri bilen ýakalaşmagyň deregine ermenileri ýurtdan çykarmak ugrunda söweşmeli» diýip, Abbasow aýdýar.

Gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak baradaky dokumente Türkiýe bilen Ermenistan gol çekenden soňra, Bakuda-da bu ylalaşygyň garşysyna protest bildirenler-de bar.
XS
SM
MD
LG