Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa gaz alyp başlamaga gyssanýar


Ýakynda Orsýet metbugatynda tiz wagtdan türkmen gazynyň Orsýete akyp başlajakdygy barada habarlar peýda boldy. Ýöne şu wagta çenli Türkmenistanynyň köpçülikleýin habar serişdelerinde bu şol maglumatlara kommentariý berilmedi.

Gazy tizden-tiz alyp başlamaga gyssanýandygyny Orsýet gizlejek bolmaýar. Çünki ol iki ýurt arasyndaky doňup duran gatnaşyklary ýerinden gozgajak.

Orsýetiň ekspertleri gaz problemasyny çözmezden, Türkmenistan bilen gatnaşyklary gaýtadan ýola goýmagyň mümkin däldigini aýdýarlar.

Birnäçe hepde mundan öň gaz akdyrmak meselesiniň täze ýylyň başyna süýşürilýändigi barasynda maglumatlar ýaýrady. Ine, indem Orsýet 1-nji noýabra çenli gaz alyp başlar diýen maglumatlar peýda bolýar.

Elden giden pursat

Moskwa bilen gatnaşyklary petige dirän Aşgabat şol bir wagtda regionda bolmagy mümkin hyzmatdaşlary bilen aragatnaşygy ýola goýup, aktiw işler alyp bardy, bu bolsa Kremliň ýolbaşçylaryny alada goýýar.

Beýleki ugurlar boýunça partnýorlary bilen ylalaşyklary pugtalandyrmak üçin Aşgabat Moskwa bilen gatnaşyklaryny ýola goýmaga howlukmady, ony ýörite süýndürdi - diýen synçylar mamlamy?

Aşgabat bilen Kiýewiň gaz gatnaşyklarynyň geljegi wagta bagly bolup galýar. Dekabryň ortasynda türkmen-hytaý gaz turbasy işläp başlar.

Moskwa pursaty elden berdi, Orsýetiň regionda iň uly strategik bäsdeşi Hytaý eýýäm Türkmenistanda kök urup ugrady. Hytaýa gazyň akyp başlamagy soňy bilen Orsýeti ikinji plana geçirip, Pekini Türkmenistanyň esasy energetik partneryna öwrüp biler.

Belki, şonuň üçin Orsýet Türkmenistan bilen gatnaşyklary gowulandyrmaga howlugýandyr? Merkezi Aziýa regionynda ykdysady taýdan Hytaýyň ornaşmagyna garşy durmak isleýändir?

Hytaýdan soň regionda Orsýetiň ikinji orny eýelejegem tiz wagtdan sorag astyna düşmegi mümkin. Çünki Aşgabat Amerika ugrunam aktiw işläp taýýarlaýar.

Eger türkmen-amerikan ykdysady gatnaşyklary üstünlikli össe, Orsýetiň ýakyn wagtlara çenli monopolist bolan ýerinde, ozal syýasy we ykdysady ryçaglara gözegçilik edip bilen ýerinde, täsiri hem roly peselmegi mümkin.

Türkmen gazyny Orsýete akdyrmak meselesiniň çözülmezligi, umuman alnanda, iň esasy intrigalaryň biri bolup galýar. Ol gazyň möçberi hem bahasy bilen bagly.

Orsýet şol görkezijileriň ikisini-de azaltmaga hem peseltmäge synanyşýar. Türkmen tarapy häzirlikçe Moskwanyň şertlerini kabul edenok. Gaz akmasy apreliň başynda kesilýänçä, türkmen gazynyň müň kubometriniň bahasy 375 dollardy.

Türkmenistanyň pozisiýasy

Türkmenistan kesgitli sözüni heniz aýtmadygam bolsa, gazyň indiki täze bahasynyň 250 dollardan ýokary bolmajakdygy çak edilýär. Muňa türkmen tarapy nähili jogap taýýarladyka?

Eger Aşgabat şu şerte razy bolaýsa, bu söwdada Orsýetiň ykdysady bähbidi juda ujypsyz bolar. Geosyýasy jähtden regionda doly utulmak islemeýän Moskwa üçin häzir Aşgabat bilen gatnaşyklar örän möhüm.

Türkmenistanyň inisiatiwasyna görä, Orsýet tarapy öz zyýanyna eglişige gelermi? Aşgabat Moskwa bilen konflikt döwri eýe bolan artykmaçlygyny öz garaşsyzlygyny ýurduň içinde-de, daşynda-da giňeltmekde hem saklamakda ulanyp bilermi?

Häzirki döwür täze galkynyşlar döwri – diýip, türkmen propagandasy gaýtalamaga ýaltanmaýar. Nyýazowyň köp ýyllyk zalym hökümdarlygyndan soň köp adamlar ýurtda küteklik bilen özgerişlere garaşýarlar, umytlar heniz öçenok.

Daşarky azatlygyň täze derejesi ýönekeý türkmenistanlylaryň durmuşynda özüni görkezermi? Ýönekeý graždanlaryň gündelik durmuşyna nähili täze azatlyklar we hukuklar geler?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG