Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Parahatçylyk korpusynyň” täze topary Türkmenistana goýberilmedi


Ýakynda Türkmenistanda bolan bir waka halkara habar beriş serişdeleriniň ünsüni özüne çekdi. Bu habar dünýäniň ençeme ýurdunda hereket edýän “Parahatçylyk korpusynyň” meýletinçileriniň täze toparyna Türkmenistana barmaga rugsat edilmänligi baradadyr.

1993-nji ýyldan bäri bu ýurtda iş alyp barýan “Parahatçylyk korpusynyň” agzalary özleriniň Türkmenistan bilen bagly şeýle ýagdaý bilen ilkinji gezek ýüzbe-ýüz bolandyklaryny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir bu we beýleki meseleler barada “Parahatçylyk korpusynyň” metbugat bölüminiň ýolbaşçysy Joş Fild bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ilki bilen Merkezi Aziýada, hususanam Türkmenistanda, alyp barýan işleriňiz barada dolurak maglumat beräýseňiz?

Joş Fild: 1993-nji ýylda Türkmenistanda işe başladyk. Şondan bäri “Parahatçylyk korpusynyň” 650 töweregi meýletinçisi Türkmenistanda iş alyp bardy. “Parahatçylyk korpusy” Türkmenistanda magaryf hemem saglyk sektorynda iş alyp barýar. Saglyk pudagy bilen bagly alyp barýan işlerimiz bilen bagly gürrüň edilende, biz esasanam bu ugurda ilat arasynda düşündiriş işleri bilen meşgullanýarys. Meselem, biz obalarda çaga dogulmagy bilen bagly ýüze çykýan saglyk problemalary hemem çagalaryň saglygy barada halk arasynda düşündiriş işlerini alyp barýarys.

Bu barada alnyp barylýan proýektlerimiz arkaly, hususanam bu keseliň nähili ýüze çykýandygy, munuň alamatlary we olaryň öňüniň alynmagy üçin görülmeli çäreler barada halka maglumat berilýär.

Türkmenistanda alyp barýan işlerimiziň gysgaça beýany şulardan ybarat.

Azatlyk Radiosy: 1993-nji ýyldan bäri şu güne çenli Türkmenistanda öz bitiren işleriňiz we gazanan üstünlikleriňiz barada has takyk maglumat berip biljekmi?

Joş Fild: “Parahtçylyk korpusynyň” Türkmenistanda amala aşyran proýektleriniň ählisi barada häzir meniň elimde jikme-jik maglumat ýok. Emma biz takmynan şeýle usulda iş alyp barýarys. Biz ýerli halk bilen işleşip, olaryň pikirlerini diňleýäris. Şol esasda biz “Parahatçylyk korpusynyň” meýletinçileriniň hödürläp biläýjek hyzmatlaryndan ýerli halkyň haýsy hajatlarynyň üpjün edilip bilinjekdigini kesgitlemäge synanyşýarys. Meselem, magaryf pudagy barada alnyp barylýan işler bilen bagly gürrüň bersem, biz mugallymlaryň hünärlerini kämilleşdirmek üçin olar bilen türgenleşik işlerini geçirýäris. Kähalatlarda biziň meýletinçilerimiz mekdeplere baryp, studentlere-de sapak berýärler. Bu biziň magaryf pudagy boýunça alyp barýan işlerimiziň bir bölegidir.

Saglyk pudagy bilen bagly alyp barýan işlerimiz barada gürrüň bersem, öň hem aýdyşym ýaly biz esasanam Türkmenistanyň obalarynda çaga dogluşy hemem çaganyň saglygyny goramak bilen bagly ilat arasynda düşündiriş işlerini alyp barýarys.

Azatlyk Radiosy: Alyp barýan işleriňiz barada berýän gürrüňleriňizden çen tutulsa, edýän işleriňiz halk bähbidi üçin gaty peýdaly aladalar ýaly bolup görünýär. Emma näme üçindir size öňki Sowet Soýuzyna girýän respublikaryň aglabasynda şübhe bilen garalýar. Meselem, Orsýet 2002-nji ýylda siziň guramaňyzyň işgärlerini ýurtdan çykardy. Munuň sebäbi näme?

Joş Fild: Haýsydyr bir ýurduň “Parahatçylyk korpusy” ýa onuň alyp barýan işleri barada şübhe bildirmegi ýa olaryň näme hakda pikirlenýänligi meselesi boýunça men kommentariý berjek däl. “Parahatçylyk korpusynyň” missiýasy gaty anykdyr. Biz haýsydyr bir ýurda diňe şol ýurt tarapyndan isleg bildirilen halatynda meýletinçilerimizi ugradýarys. Biziň guramamyzyň başga bir oňyn tarapy hem biziň diňe bize zerurlyk duýlan pudaklarda iş alyp barýanlygymyzdyr.

Şunlukda biz haýsydyr bir ýurda diňe şol ýurtdaky hökümet ýolbaşçylary tarapyndan çakylyk iberilen ýagdaýynda barýarys. Şunuň üçin her haçanda haýsydyr bir ýurt biziň hyzmatymyza zerurlygyň galmanlygyny aýtsa, biz onuň islegine hormat goýýarys. “Parahatçylyk korpusynyň” agzalary, elbetde, özlerinden hyzmata garaşylýan ýerlerde iş alyp barýarlar.

Azatlyk Radiosy: Aýdýan zatlaryňyz düşnükli, ýöne meniň biljek bolýan zadym, alyp barýan işleriňiz bilen bagly haýsydyr bir ýurduň siz barada şübhe bildirmegine sebäp bolup biläýjek bir zat barmy? Meselem, “Parahatçylyk korpusynyň” agzalarynyň Orsýetden çykarylmagyna sebäp bolan anyk zat näme? Rus ýolbaşçylary siziň meýletinçileriňiz barada kabul eden kararlary bilen sizi tanyşdyran bolmaly, şeýle dälmi?

Joş Fild: Bu barada size berip biljek maglumatym ýok.

Azatlyk Radiosy: Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlarda alyp barýan işleriňiz baradaky meselä gaýdyp gelsek, siziň nukdaýnazaryňyzdan şol ýurtlardan haýsynda iş alyp barmak has kyn?

Joş Fild: Men şol ýurtlarda alnyp barylýan operasiýalarymyzyň jikme-jikligi barada size maglumat berip biljek däl. Emma aýdyp biljek zadym, biziň meýletinçilerimiziň işleýän islendik ýurdunda ýolbaşçylar bilen biziň örän gowy aragatnaşyk saklaýanlygymyzdyr. Şeýle-de biz diňe biziň kömegimizi isleýän ýurtlarda iş alyp barýarys. Şunlukda häzirki döwürde biziň iş alyp barýan ýurtlarymyzda şol ýurtlaryň hökümet ýolbaşçylary bilen aragatnaşygymyz gaty gowy.

Azatlyk Radiosy: Emma siziň meýletinçileriňiziň iş alyp barýan ýurtlaryndan biri bolan Türkmenistan bilen aragatnaşygyňyz barada aýdylanda, siziň öňe sürýän bu pikiriňiz hakyky ýagdaý bilen çalymdaş däl ýaly bolup görünýär. Sebäbi Aşgabadyň siziň 47 töweregi meýletinçiňize Türkmenistana barmaga rugsat bermejegini aýdanlygy mälim edilýär. Bu ýagdaý barada bize dolurak maglumat beräýseňiz?

Joş Fild: Hawa, ilki bilen bu meseläni anyklaşdyrmaga maňa rugsat ediň. Biziň häzirki döwürde Türkmenistanda meýletinçilerimiz bar. Olar şol ýurtda galmaklaryny we hyzmat etmeklerini dowam etdirýärler. Bize gelip gowuşýan maglumatlara görä, Türkmenistanyň hökümeti biziň meýletinçilerimiziň bitirýän işlerinden razy. Täze meýletinçiler toparynyň Türkmenistana barmagy bilen bagly bize berlen maglumat Aşgabadyň bu ýurda goşmaça meýletinçileriň barmagyny islemeýändigi baradadyr.

Emma häzirki döwürde Türkmenistanda iş alyp barýan agzalarymyzyň şol ýerde galmagyny dowam etdirmegi bilen bagly hiç hili problema ýok. Oňa hökümet garşy däl.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan bilen bagly aýdylanda mundan öň hem haýsydyr şunuň ýaly ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolupmydyňyz?

Joş Fild: Türkmenistandamy? Ýok, bolmandyk.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň hökümeti kabul eden bu karary barada size düşündiriş berdimi? Eger beren bolsa, olaryň bu düşündirişi sizi kanagatlandyrýarmy?

Joş Fild: Türkmenistanyň hökümeti bu barada bize hiç hili resmi düşündiriş bermedi. Emma biz bu ýurduň ýolbaşçylarynyň “Parahatçylyk korpusynyň” agzalaryna Türkmenistana barmaga rugsat berip-bermezlik bilen bagly karar kabul etmek hukugyna hormat goýýarys.

Azatlyk Radiosy: Häzirki döwürde Türkmenistanda iş alyp barýan meýletinçileriňiziň sany näçeräk we bu ýurtda öňümizdäki ýyl bilen bagly nähili planlaryňyz bar?

Joş Fild: Häzirki döwürde Türkmenistanda 70 töweregi meýletinçimiz bar. Olaryň ýurtda galmagyna hökümet garşy däl. Türkmen hökümeti Aşgabat tarapyndan çagyrylan meýletinçilerimiziň alyp barýan işlerini goldaýar. Biziň maglumatymyza görä, Türkmenistanyň hökümet wekilleri 2010-njy ýylyň sentýabr aýyna çenli özleriniň bu ýurda täze meýletinçileriň gelmegine garaşmaýanlygyny bildiripdirler.

Şunlukda biz öz meýletinçilerimiziň täze toparyny bellenilen şol möhlet tamamlanandan soňra Türkmenistana ibermekçi. Sebäbi şol wagta çenli meýletinçilerimiziň ýene Türkmenistana barmaklygyna zerurlyk ýüze çykar.

Azatlyk Radiosy: Siziň meýletinçileriňize ýurda barmaga rugsat bermänligi üçin Türkmenistanyň ýitirjek zady näme?

Joş Fild: Men bu barada çaklama öňe sürüp biljek däl. Bizi begendirýän zat, häzirki döwürde Türkmenistanda iş alyp barýan meýletinçilerimiziň şol ýurtda öz işlerini dowam etdirmegidir.

Azatlyk Radiosy: Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän başga bir gurama “Halkara barlaglar we alyş-çalyş programmasynyň” hem Türkmenistandaky bölümini ýapjakdygy barada tassyklanmadyk maglumatlar bar. Häzirki döwürde-de siziň meýletinçileriňiziň täze toparyna ýurda barmaga rugsat edilmeýär. Mundan ozal Bişkekde, şeýle-de Bolgariýada ýerleşýän Amerikan Uniwersitetiniň Türkmenistandan bolan studentlerine-de, şol ýurtlara barmaga rugsat berilmändir. Sizden sorajak bolýan zadym: günbatar guramalary Türkmenistanda haýsydyr bir syýasy basyş astyndamy?

Joş Fild: Men diňe “Parahatçylyk korpusy” baradaky soraglaryňyza jogap berip biljek. Öz alyp barýan işlerimiz barada aýtsam, biz diňe türkmen hökümeti tarapyndan bize berlen teklip esasynda hereket edýäris. Olar Türkmenistana sapar etmegi planlaşdyrýan meýletinçilerimiziň täze toparynyň sanawyny bize bermäň diýdi, biz hem olaryň islegine hormat goýýarys.

Azatlyk Radiosy: Hökümet tarapyndan size syýasy basyş edilýärmi diýlen soragyma jogap bermediňiz?

Joş Fild: Ýok, hiç hili basyş edilenok.
XS
SM
MD
LG