Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanly ozalky ministr azatlykdan mahrum edildi


Anna güni Gazagystanyň sudy ýurduň ozalky tebigaty goraýyş ministri Nurlan Iskakowy dört ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Sud Nurlan Iskakow bilen birlikde onuň ozalky orunbasarlary Zeýnulla Sarsembaýew we Alžan Braliýewi döwlet býujetinden 8 million dollar töweregi serişdäni bikanun ýollar bilen ogurlanlykda günäli tapdy. Iskakowyň bu ozalky orunbasarlaryndan birine 2 ýyl, beýleki birine bolsa 3 ýyl türme tussaglygy berildi.

Soňky birnäçe aýyň dowamynda Gazagystanda korrupsiýa bilen baglanyşykly jenaýatçylyklarda aýyplanylyp, hökümet resmileriniň we biznesmenleriň ençemesi tussag astyna alyndy.
XS
SM
MD
LG