Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Päkistanly harbylar talyplara garşy operasiýa geçirdiler


Düýn Päkistanyň harby güýçleri Owganystan bilen serhetýaka regionda talyp söweşijilerine garşy giň gerimde hüjüm etdiler.

Talyplaryň sözçüsi Azam Taryk öz ýaragly söweşijileriniň Günorta Weziristan regionyndaky pozisiýalarynda galmak üçin soňky damja ganlaryna çenli söweşjekdiklerini aýdyp, beýanat ýaýratdy.

Pakistanyň harby güýçleriniň resmileri şenbe güni Günorta Weziristan regionynda giň gerimde harby operasiýalaryň başlanaly bäri azyndan 60 töweregi talyp söweşijileriniň öldürilendigini we harby esgerlerden hem altysynyň ölendigini habar berdiler.
XS
SM
MD
LG