Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň içeri işler ministri Raşit Nurgaliýew Aşgabada bardy


Orsýetiň içeri işler ministri Raşit Nurgaliýew sapar bilen Türkmenistana geldi. Ol saparynyň dowamynda Türkmenistanly kärdeşi Isgender Müllikow bilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçirer.

“Duşuşykda kanun goraýjy organlaryň baştutanlary özara hyzmatdaşlygyň aktual meselelelrini, ýakyn geljek üçin bilelikdäki işleriň esasy ugurlaryny belli ederler” diýlip, Orsýetiň IIM–niň metbugat gullugynda aýdypdyrlar.

Ministrler şeýle-de kadrlary taýýarlamak, kämilleşdirmek, bikanun migrasiýa kanallaryny ýapmak ýaly meselekleleri-de maslahatlaşarlar.

2010-2011-nji ýyllarda Orsýetiň we Türkmenistanyň IIM–leriniň özara gatnaşyklary baradaky protokola gol çekilerine garaşylýar- diýip, “Turkmenistan.ru” internet saýty ýazýar.
XS
SM
MD
LG