Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB, Orsýet hyzmatdaşlyga dowam etmekçi


Şwesiýanyň daşary işler ministri Karl Bildt (sagda) orsýetli kärdeşi Sergeý Lawrow bilen metbugat konferensiýasynda, Brýussel, 19-njy oktýabr, 2009 ý.
Şwesiýanyň daşary işler ministri Karl Bildt (sagda) orsýetli kärdeşi Sergeý Lawrow bilen metbugat konferensiýasynda, Brýussel, 19-njy oktýabr, 2009 ý.

Ýewropa Bileleşiginiň Orsýet bilen gatnaşygy, hemişekisi ýaly, adaty ýagdaýa öwrülene meňzeýär, ýöne görnüp duran bir adatylyk hem ýok. Möhüm meseleleriň köpüsi gymyldysyz ýatyr.

19-njy oktýabrda, Ýewropa Bileleşigi bilen Orsýet arasynda Brýusselde geçen duşuşykdan soň Şwesiýanyň Daşary işler ministri Karl Bildt Ýewropa Bileleşiginiň Orsýet bilen gatanşygyny ösdürmek isleýändigini aýtdy: “Käbir meseleler, mysal üçin, Günorta Kawkaz barada aramyzda tapawutly garaýyşlar bar. Ýöne başga meseleleriň ençemesinde gatnaşykda öňe ilerläre zerurlyk we mümkinçiligiň bardygyny ikimiz-de görýaris”.

Moskwanyň alyp barýan aşa howply syýasy işlerine garamazdan, Orsýet öten ýyl Gürjüstana çozup gireli bäri, Ýewropa Bileleşigi onuň bilen gatnaşyklaryny gowulandyrmak barada tagalla baryny etdi. Taraplar geljek aý Stokgolmda ýene duşuşmakçy. Ýöne Ýewropa Bileleşiginiň diplomatlary Orsýetiň meýilsizdigine salgylanyp, bu duşuşykda hem bir uly öňe gidişligiň bolaryna garaşanoklar.

Moskwa täze Ýewropa Bileleşigi-Orsýet partnýorlygy ylalaşygy barada planlaşdyrylan gepleşikleri 16-njy oktýabrda goýbolsun etdi. Ol Dünýä Söwda guramasyna girjek diýip hem öňe omzap duranok.

Regional we global howpsuzlyk

Daşary işleri ministri Sergeý Lawrow dekabra planlaşdyrylan global klimat duşuşygynda Orsýetiň Ýewropa Bileleşiginiň ymtylýan ýokary maksatlaryny goldamaga meýilli däldigini duýduryp, gürrüňi regional we global howpsuzlyk aladalaryna syrykdyrdy: “Global gün tertibindäki möhüm meseleler barada Orsýet bilen Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlygy Bileleşigiň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini çözmekde nädereje ilerleýşine, öňde bize garaşýan kynçylyklara we howplara berilmeli gaýtargylara nähili täsir edişine bagly”.

Şu ýylyň ýanwarynda Moskwanyň Ukraina berýän tebigy gazyny kesmegi netijesinde Ýewropada millionlarça adam agyr sowukda kynçylyk çekipdi. Lawrow bu iş indi gaýtalanmaz diýip, kepil geçmegi ret etdi. Ol Ýewropa Bileleşigine agza döwletlere wizasyz sapar etmäge orslara haçan rugsat ediljegini sorady.

Ýöne Bileleşigiň Daşary gatnaşyklar baradaky Komissary Benita Ferrero-Waldner bu babatda agza döwletleriň arasynda bu ýakynda ylalaşyga gelmek ähtimallygy ýok diýdi.

Wizasyz sapar Kreml üçin bir uly simwolik ähmiýete eýe. Şol sebäpden hem Ýewropa Bileleşigine agza döwletleriň birnäçesi muňa Moskwa gysyş görkezmek üçin iň gowy gural hökmünde garaýarlar.
XS
SM
MD
LG