Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öňki gürji prezidenti Gamsahurdiýanyň ölümi derňeler


Düýn Gürjüstanyň Parlamenti Sowet Soýuzy darganyndan soň ýurda ilkinji prezidentlik eden Zwiad Gamsahurdiýanyň gümürtik ölümi bilen baglanyşykly wakalary derňemek boýunça ýörite Komissiýa döretmekligi karar etdi.

Resmi maglumatlarda Gamsahurdiýa öz wezipesinden güýç bilen çetleşdirilenden iki ýyl geçensoň, 1993-nji ýylyň dekabrynda öz janyna kast edip öldi diýlip yglan edilipdi. Emma Gamsahurdiýanyň käbir egindeşleri onuň janyna kast edilip öldürilendigini öňe sürýärler.

Zwiad Gamsahurdiýanyň ölümini derňejek Komissiýa döretmek barada geçirilen düýnki ses berişlikde Gürjüstanyň Parlamentiniň 79 deputatyndan 78-si muny goldap ses berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG