Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýanyň delegasiýasy Aşgabada geldi


Düýn 20-nji oktýabrda Fransiýanyň prezidentiniň Owganystan we Päkistan boýunça ýörite wekili jenap Teri Marianynyň baştutanlygyndaky fransuz delegasiýasy iş sapary bilen Aşgabada geldi diýip, Altyn Asyr internet gazeti maglumat ýaýratdy.

Maglumata görä, myhmanlar Daşary işler ministrliginde kabul edilipdir. Şeýle hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginde, Milli howpsuzlyk ministrliginde, Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynda we Döwlet serhet gullugynda birnäçe duşuşyklary geçiripdirler.

Delegasiýanyň agzalary owgan meselesinde Türkmenistanyň pozisiýasyna gowy baha berip, Owganystanda parahatçylygy hem durnuklylygy ornaşdyrmak üçin öz türkmen hyzmatdaşlary bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanýandyklaryny beýan edipdirler.
XS
SM
MD
LG