Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambuldan Kaire barýan uçar alyp gaçylmaga synanyşyldy


Stambuldan Kaire gelýän ýolagçy uçaryny alyp gaçmaga synanyşygyň bolandygyny düýn Müsür häkimiýetleri habar berdi.

Polisiýanyň maglumatyna görä, Egypt Air kompaniýasyna degişli ýolagçy uçaryň bir ýolagçysy, Sudanyň graždany gygyryp, haýbat atmak bilen, uçaryň Iýurusalime gönükdirilmegini talap edipdir.

Uçaryň bortundaky janpenalar sudanlyny zyýansyzlandyrypdyr. Onda plastik pyçakdan başga hiç hili ýarag ýok eken.
XS
SM
MD
LG