Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ekolog Zatokanyň terjimeçisine telefon arkaly haýbat atylýar


20-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşhowuz şäherinde tussag edilen ekolog, graždan aktiwisti Andreý Zatokanyň terjimeçisine telefon arkaly haýbat atylýar diýip, habar berilýär.

Terjimeçi zenanyň öýüniň ýanynda birnäçe adam awto-ulagda garawulçylyk çekýär.

Zatoka tarapyndan urlup tenine zeper ýeten adam bolsa, Daşhowuzyň bazarynda gezip ýör diýip, habar berildi.

Düýbi Moskwada ýerleşýän ynsan hukuklaryny goraýjy Memorial guramasynyň beren maglumatlaryna görä, Andreý Zatokanyň dostlarynyň hem kärdeş-ekologlarynyň bir topary 27-nji oktýabrda Türkmenistanyň Orsýetdäki ilçihanasynyň ýanynda Zatokanyň goldawyna piket geçirmegi planlaşdyrýarlar.

Olar piketiň geçirilmegine rurgat bermegi sorap şäher häkimligine ýüzlenipdirler. Bu baradaky jogap 26-nji oktýabrda beriler diýlip, maglumatda aýdylýar.

20-nji oktýabrda Andreý Zatoka Daşhowuzyň söwda bazarynda näbelli bir adamyň tenine agyr bolmadyk şikes ýetirenlikde aýyplanylyp tussag edilipdi.

Zatokanyň dogan-garyndaşlary onuň özüne bildirilen bu aýyplamany ret edýändigini, Memorial guramasyna habar beripdirler.
XS
SM
MD
LG