Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada prezident saýlawlaryna kandidatlar hasaba alynýar


Ukrainanyň merkezi saýlaw komissiýasy 2010-njy ýylda geçirilmeli prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmak isleýan hem öz kandidaturalaryny hödürleýän 4 kandidaty hasaba aldy. Olar Oleg Rýabokon, Anatoliý Grisenko, Arseniý Ýasenýuk hem kommunistleriň lideri Pýotr Simonenko.

Şeýle hem saýlawlara gatnaşmak üçin Ukrainanyň belli bankcysy Sergeý Tigipko bilen halk deputaty Inna Bogoslowskaýa hem ýurduň Merkezi saýlaw kommisiýasyna dokumentlerini tabşyrypdyrlar.

Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň beren maglumatlaryna görä, şu gün ýurduň oppozision Regionlar partiýasy hem öz lideri Wiktor Ýanukowiçiň kandidaturasyny hödürlar diýlip garaşylýar.

Bu barada geçirilen pikir soralyşyklaryň netijeleri, Ýanukowiçiň esasy garşydaşynyň premýer-ministr Ýuliýa Timoşenkonyň boljakdygyny görkezipdir.

Hanym Timoşenko ertir 24-nji oktýabrda öz kandidaturasyny hödürlär diýlip garaşylýar.

Şeýle hem Ukraýnanyň häzirki prezidenti Wiktor Ýuşenko hem gaýtadan prezidentlik wezipesine saýlanmak ugurynda dalaş eder diýlip çaklanýar.
XS
SM
MD
LG