Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Garaşsyzlygyny belleýär


Halmyrat Söýünowyň pikirine görä, Türkmenistanyň içinde we içerki syýasatynda ozalky ýylardan tapawutlanýan üýtgeşiklik göze ilmedi.
Halmyrat Söýünowyň pikirine görä, Türkmenistanyň içinde we içerki syýasatynda ozalky ýylardan tapawutlanýan üýtgeşiklik göze ilmedi.

Şu ýyl Türkmenistan garaşsyzlygynyň 18-nji ýyl dönümini belleýär. Her ýyl bu sene ýurduň geçen ýolunyň we äden ädimleriniň özboluşly jemleri bolup durýar.

Garaşsyzlyk senesiniň golaýlamagy bilen prezidentiň adyna dürli ýurtlardan gutlag hatlarynyň gowuşýanlygyny türkmen habar serişdeleri adatdakysy ýaly habar berýärler. “Altyn Asyr” internet saýty G.Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlaryny iberen ýurt ýolbaşçylarynyň doly sanawyny ýerleşdirdi. Emma Türkmenistanyň garaşsyzlygy we bu senäniň taryhy barada türkmen habar seridşdelerinde maglumat berilmedi.

1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargansoň, Garaşsyzlygyny yglan eden Türkmenistan döwletiniň düýbi 1924-nji ýylda tutulypdy. Şol döwürde Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy Gaýgysyz Atabaýew we Merkezi Ýerine ýetiriji Komitetiň başlygy hem Nedirbaý Aýtakowdy.

“Türkmen döwletiniň düýbüniň tutulmagyna 85 ýyl dolýar 27-nji oktýabrda. Türkmenistan respublikasynyň düýbi 1924-nji ýylda resmi taýdan tutuldy we ol Sowet Soýuzynyň respublikalarynyň hatarynda bolsa-da, dünýäde Türkmenistan Respublikasy hökmünde ykrar edildi. Onuň serhedi belli edildi, döwletliligi ykrar edildi. Diýmek 1924-nji ýyldan bäri Türkmenistan respublika hökmünde tanalyp gelindi, kartada hem onuň öz orny boldy” diýip, H.Söýünow aýtdy.

Garaşsyzlygyň her ýyl dönüminiň geçen ýylyň dowamynda ýurduň äden ädimleriniň we eden işleriniň özboluşly jemi bolup durýanlygyny synçylar belleýärler.

Soňky ýyl näme bilen tapawutlandy?

Prezident G.Berdimuhamedow häkimiýet başyna geleli bäri Türkmenistanda Galkynyş döwri başlanyp, häzir dowam edýänligi resmi derejede yglan edilýär. Şu günki gün hökümetiň reformalaryň tarapdary bolup, giň möçberli özgerişleri amala aşyrýanlygy resmi maglumatlarda nygtalýar. Türkmenistanda özgerişlikleriň bolanlygyny öz nobatynda synçylar hem aýdýarlar emma üýtgeşiklikleriň esasan daşary syýasy ugurlara degişlidigini belleýärler.

“Tükmenistanyň nähili-de bolsa, “Nabukko” proýketine gyzyklanma bildirmegi uly üstünlik boldy. Sebäbi bu geljekde ýurda ykdysady taýdan peýda getirjek proýekt. Turkmenistanyň Hytaý bilen arasyndaky gaz geçirijisiniň işe giriziljegi-de, edilen pozitiw iş hökmünde baha berilmäge mynasyp ädim. Türkmenistanyň daşary syýastyna üns berlip başlanmagy we ýurduň geçirjek diýýän reformalaryna Günbataryň demokratik döwletleri tarapyndan gyzyklanma bildirilmegine-de demokratiýa tarap bir ädim hökmünde garasa bolar” diýip, Halmyrat Söýünow aýtdy. Onuň pikirine görä, Türkmenistanyň içinde we içerki syýasatynda bolsa, ozalky ýylardan tapawutlanýan üýtgeşiklik göze ilmedi.

Demokratik özgerişlere ters gelýän wakalar

Garaşsyz halkara guramalarynyň wekilleri we ynsan hukuklaryny goraýjylar Türkmenistanda häkimiýet çalşyp, hökümet derejesinde reformalara taýýarlyk yglan edilensoň, ýurduň syýasy-jemgyýetçilik taýdan özgerjegine dörän umytlaryň soňky ýylyň dowamynda gitdigiçe gowşap barýanlygyny aýdýarlar.

Muňa raýatlaryň hereket azatlygynyň çäklendirilmeginiň, başga pikirdäkileriň yzarlanmagynyň we graždan aktiwistleriniň tutha-tutluklary bilen bagly wakalaryň we demokratik döwlete hem graždan jemgyýetçiligine ters gelýän usullaryň ýurtda giňden ulanylmagynyň dowam etdirilmeginiň sebäp bolýanlygy bellenilýär.
XS
SM
MD
LG