Partladylan bombalaryň biri döwlet edarasyna zeper ýetirdi. Bu waka ýüze çykan mahalynda şol binada radiomyzyň Yrak gullugynyň habarçysy Saad Kamil hem bardy.
Bagdatda minalanan iki sany ulagy partlamak arkaly amala aşyrylan bu terrorçylykly hüjüm soňky birnäçe aýyň içinde iň ganly hüjümleriň biri boldy.
Ölümine kaýyl bolan bir hüjümçi minalanan maşyny Yragyň Adalat ministrliginiň gapdalynda partlatdy. Ikinji ulag hökümet binasynyň biriniň golaýynda partlady. Bu ýerde şaýylaryň ruhanysy Muhammet Sadyk al-Sadryň ölen güni bilen bagly çäre geçirilýärdi. Şol çärede Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Yrak gullugynyň habarçysy Saad Kamil hem bardy.
Ol bu waka barada şeýle gürrüň berdi: “Partlama gaty elhenç weýrançylyga getirdi. Köp adam heläk boldy, binalara, ulaglara zeper ýetdi. Bagdadyň häkimliginiň binasy ýumruldy. Men şol binaň içindedim. Toweregimizi ot aldy, suw turbalary ýarylyp, daşymyzda suw pürkülýärdi.”
Adam ýitgisi uly
Bu hüjümlerde bärsinden 132 adymyň heläk bolup, 600-e golaýynyň ýaralanandygy habar berildi.
Kamiliň aýtmagyna görä, hüjümden soň köçelerde ýatan adamlaryň jesetlerini görmek bolýardy. Partlama ýüze çykan ýerleriň golaýynda duran maşynlar hem weýran bolupdyr. Kamiliň özi gulagy eşitmän, dem almakda kynçylyk çekip, keselhana ýerleşdirilipdir.
Kamili ýumrulan binanyň aşaky gatlarynda hem başgançaklarda bolan adamlaryň köpüsiniň heläk bolandygyny biz bilen söhbetdeşliginde aýtdy: “Biz çäre geçirilýän ýerde, binanyň bäşinji gatyndadyk. Basgançaklarda ýa-da binanyň girelgesinde bolan adamlaryň köpüsi ýa heläk boldy, ýa-da agyr ýaralandy. Ýokarky gatlarda bolanlara kän zyýan çekmän gutulmak başartdy.”
Hökümetiň metbugat sekretary Ali al-Dabbah bu barada ýaýradylan beýantda bu hüjümiň geljek ýylyň ýanwar aýyna planlaşdyrylýan parlament saýlawlaryny başa bardyrmazlyk maksady bilen amala aşyrlandygyny aýtdy. Şeýle-de ol Al-Kaýdanyň hem onuň ýaranlarynyň hüjüme dahylynyň bardygyny çaklady.
Iki aý mundan ozal hem Bagdatda iki partlama amala aşyrylypdy. Şonda 100-e golaý adam heläk bolup, Yragyň Daşary işler hem Maliýe ministrlikleriniň binalaryna zeper ýetipdi.
25-nji oktýabrda amala aşyrylan hüjüm bolsa, pitneçilere Bagdadyň iň goragly, howpsuz diýlip hasaplanylýan ýerlerine hem hüjüm etmegiň başardýandygyny ýene bir gezek görkezdi.