Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebaply kärendeçiler Özbegistandan kontrabanda ýoly bilen getirilen mineral dökünleri satyn alýarlar


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan

Türkmenistanda daýhanlar oba hojalyk ekinleri üçin zerur bolan mineral dökünleriniň ýetmezçiligi bilen bagly kynçylyklary başdan geçirýän mahaly, Lebap welaýatynda kärendeçiler bikanun ýollar bilen goňşy Özbegistandan getirilen dökünlerden peýdalanýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň çägine kontrabanda ýoly bilen getirilip, alyjylara ýerlenýän önümleriň yzyny çaldy.

Mineral dökünler ýurduň gündogar çäginden geçýän Amyderýanyň üsti bilen gaýyklarda getirilýär we Darganata etrabynda we Gazojak şäherinde araçylaryň kömegi bilen ýerli ýaşaýjylara ýerlenýär.

“Türkmenistanyň hronikasy” neşiri gündogar sebitdäki dökün gaçakçylygy barada ilkinji bolup, 30-njy aprelde habar berdi. Neşire görä, konrabandaçylar bir gatnawda 250-300 kilogram töweregi döküni rezin gaýyklar arkaly derýadan geçirýärler.

Şeýle-de, maglumata görä, türkmen serhetçileri dökün gaçakçylygynyň amal edilýän pursatynda öz postlaryndan gaýyp bolýarlar we patrullygy wagtlaýyn bes edýärler.

Munuň bilen baglylykda, kärendeçiler häkimiýetleriň bu söwdadan, megerem, öz paýlaryny alýandyklaryny, ýa-da ýurtda dowam edýän dökün ýetmezçiliginiň arasynda, gaçakçylyga göz ýumýandyklaryny çaklaýarlar.

Azatlyk Radiosynyň gündogar sebitde bolup geçýän dökün gaçakçylygy barada ýerli kanun goýrajy edaralardan teswir almak synanyşygy başa barmady.

Hökümet mejlislerinde ýurduň oba hojalygy pudagynyň toplumlaýyn ösdürilýändigi, daýhanlar üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigi nygtalýar, ýöne dökün ýetmezçiligi agzalmaýar.

“Bize ýetmezçilik edýän esasy mineral dökün – azot. “Maryazot” kärhanasy kärendeçileri azot dökünleri bilen üpjün etmeli. Emma hökümet dökün üpjünçiligini azaltdy” diýip, bir ýerli kärendeçi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçylarymyz ýurduň çägine goňşy Özbegistandan kontrabanda ýoly bilen getirilýän dökünleriň “Nowoýiazot” himiýa kärhanasynyň önümleri bolandygyny anyklady.

Önümçilik kärhanasynyň resmi web sahypasyna görä, bu önümleriň bir tonnasy 240 dollardan satylýar. Türkmenistanda alyjylar Özbegistandan getirilen dökünleriň tonnasyna 2700-3000 manat çemesi pul töleýärler. Bu, dollaryň gara bazar bahasy boýunça takmynan 135-150 dollara, resmi kurs boýunça takmynan 770-857 dollara barabar bolýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary, dowam edýän oba hojalyk özgertmeleriniň arasynda, 2021-nji ýylyň aprel aýynda ýurtda mineral dökünleriň bahalarynyň alty-sekiz esse töweregi ýokarlanandygyny habar berdiler.

Şonda bir tonna amiak selitrasynyň bahasy 400 manatdan 3250 manada, fosfor 255 manatdan 2000 manada, karbamid 450 manatdan 3000 manada, amofos 1000 manatdan 8000 manada çenli gymmatlady.

Geň ýeri, resmi maglumatlara görä, mineral dökünleriň ençeme görnüşi ýurduň çäginde öndürilýär.

“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine görä, ammiak selitrasy, karbamid, ammoniý superfosfaty, hlorly kaliý ýaly mineral dökünler Türkmenistanda öndürilýär.

Mundan ozal, garaşsyz žurnalistleriň geçiren iri derňewleri Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki senagat kärhanalarynda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara eksport edilmegine Berdimuhamedowlar maşgalasynyň ýakyn töwereginiň agalyk edýändigini anyklady.

2021-nji ýylyň oktýabrynda Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa maglumatlary taslamasynyň (OCCRP) Turkmen.news we “Gundogar” neşirleri bilen bilelikde çap eden derňew hasabatyna görä, döwlet eýeçiligindäki “Garabogazkarbamid” zawodynda öndürilýän mineral dökünler Şotlandiýada hasaba alnan şübheli bir kompaniýa tarapyndan eksport edilýär. Derňew maglumatlary bu kärhanada öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýegeni, Hajymyrat Rejepow möhüm rol oýnaýandygyny anyklady. Bu hasabat ýurduň beýleki käbir senagat kärhanalarynyň önümleriniň eksportlary bilen bagly ýaşryn maglumatlaryň hem üstüni açypdy.

Ýurtda öndürilýän mineral dökünler uly möçberlerde daşary ýurtlara eksport edilýän mahaly, gündogar sebitde ýerli kärendeçiler goňşy Özbegistandan kontrabanda ýoly bilen getirilen mineral dökünleri satyn almaly bolýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG