Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Gazpromuň” gökdiränleri sorag astynda


Orsýetiň medeni paýtagtynyň ilaty 400 metrlik beýik bina şäheriň meşhur neoklassyk utgaşmasyny bozar diýip, alada bildirýär.
Orsýetiň medeni paýtagtynyň ilaty 400 metrlik beýik bina şäheriň meşhur neoklassyk utgaşmasyny bozar diýip, alada bildirýär.

Orsýetiň gaz läheňi “Gazpromuň” Sankt-Peterburgda 2 millirad dollara durýan 400 metrlik beýik jaý gurmak plany ilerledigiçe oňa şübhe bildirýänleriň hem sany artýar. Bu proýekte jemgyýetçiligiň berk garşylygy seýrek bir fenomene, Orsýetiň syýasy elitasynyň içindäki çekişmelere we agzalalyga uçgun syçratdy.

Orsýetiň energiýa läheňi “Gazpromuň” taryhy şäher bolan Sankt-Peterburgda 2 milliard dollarlyk beýik aýna jaý gurmak planyna garşylyk ýyl geçdikçe artýar. Orsýetiň medeni paýtagtynyň ilaty 400 metrlik beýik bina şäheriň meşhur neoklassyk utgaşmasyny bozar diýip, alada bildirýär.

BMG-niň medeni gullugy bolan ÝUNESKO eger-de “Gazpromuň” plany dowam etdirilse, bu şäheriň Dünýä miras sanawyndan öçürilmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny 2007-nji ýyldan bäri duýduryp gelýär. Ýöne beýle duýduryşlaryň täsiri az bolara çemeli. Muny şäher deputatlarynyň binalaryň belentlik çäklendirmelerini ýatyrmak barada kanun kabul etmeginden hem görse bolýar.

Bir zat üýtgedi

Peterburgyň gubernatory Walentina Matwiýenko bolsa şu aý bu gurluşygyň başlanmagyna soňky patany berdi. Emma soň nämedir bir zat üýtgedi. Orsýetiň “Birinji kanal” atly telekanaly, eger-de “Ohta Sentr” gurulsa, şäheriň Wasilewskiý adasyndan görünýän iň owadan görnüşleriň gözden uçjagyny habar berdi.

Orsýetiň döwlet kontrollugyndaky “Birinji kanalynyň” žurnalisti 18-nji oktýabrda “Gazpromuň” bu proýektine garaşylmadyk tankydy garaýyş bilen çykyş etdi. Bu çykyşyň yzyndan ýurduň medeniýet ministri Aleksandr Awdeýewiň pikirleri ile ýetirildi. Ol “Gazpromuň” 400 metrlik bina proýektiniň federal kanunçylyga ters gelýändigini we bu işi duruzmak üçin öz ministrliginiň suda ýüz tutjagyny aýtdy.

Onsoň bu proýekt barada oppozisiýa hem syýasy gatnaşyklary bolan kinorežissýor Nikita Mihalkow we Liberal demokratik partiýanyň lideri Wladimir Žirinowskiý arkaly öz sözüni aýtdy. Ýogsa, bu şahsyýetleriň ikisi hem, adatça, Kremliň içindäki syýasy şemalyň ösjek ugruny gowy seljerýär.

Gazpromuň 400 metrlik beýik bina gurmak baradaky proýektine ýokary derejede bir topar garşylyk görkezilmegi federal hökümetiň bu proýekt barada öz ikigöwünliligi bilen tutluşýandygy baradaky gürrüňlere ýol açdy.

“Kremliň razylygy bardyr”


Ekspertler “Birinji kanalyň” hem, Awdeýewiň hem bu proýekti Kremliň razylygy bolmazdan tankytlap bilmejegini aýdýarlar. Sebäbi Kreml “Gazprom” bilen berk baglanyşykly we ýurtdaky iň uly döwlet kompaniýasy bolup durýar.

Peterburg syýasy fondunuň analitigi Mihail Winogradow bu proýekte garşylygyň güýçlenmegini syýasy elitanyň içindäki çynlakaý bölünişigiň alamaty hasaplaýar.

«Biz belli bir derejede bölünişik görýäris. Şu wagta çenli “Ohta Sentr” meselesi ýokary derejede ylalaşylan ýaly görünýärdi» diýip, analitik aýdýar. Winogradowyň pikirine görä, ýokary derejede ylalaşylan proýekt, aşakdan nähili nägileligiň ýa garşylygyň bardygyna garamazdan, köplenç gurulmaly edilýär. «Ýogsam bolmasa, peterburglylaryň köpüsiniň, şol sanda häzir Moskwada syýasy we biznes elitasyna girenleriň hem, bu proýekte tankydy garandygy gizlin däl» diýip, Mihail Winogradow aýdýar.
XS
SM
MD
LG