Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan we ýurtdaky dini azatlyklar


ÝHHG-niň baş sekretary Mark Perrin de Brihambaut (ortada) Gypjakdaky metjidiň ymamy bilen söhbetdeşlik wagtynda, 5-nji mart, 2007 ý.
ÝHHG-niň baş sekretary Mark Perrin de Brihambaut (ortada) Gypjakdaky metjidiň ymamy bilen söhbetdeşlik wagtynda, 5-nji mart, 2007 ý.

Şu hepde Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti dünýäniň dürli ýurtlaryndaky dini azatlygyň ýagdaýyna syn berip, ýörite raport ýaýratdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti dini azatlygyň ýagdaýy baradaky raportynda soňky bir ýylyň dowamynda Türkmenistanda Saparmyrat Nyýazowyň «Ruhnama» kitabyna berilýän ähmiýetiň ozalkysyndan peselmegi, dindarlaryň daşary ýurtlara çykmaklarynyň aňsatlaşmagy, dini azlyklara degişli toparlaryň agzalaryna görkezilýän basyşlaryň hem azalmagy ýaly ýagdaýlary Türkmenistandaky oňyn alamatlar hökmünde belläpdir.

Türkmenistandaky dini azlyklara degişli ”Krişna aň ýetiriş” guramasynyň agzasy Gurban Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde hakykatdanam soňky wagtlar dini azlyklaryň wekillerine ozalkylar ýaly kän bir basyş görkezilmeýändigini aýtdy.

Dini azlyklaryň wekilleriniň daşary ýurtlara gidip-gelmek ýagdaýlarynyň nähilidigi barada soranymyzda, ildeşimiz Gurban bu ýagdaýyň hem indi ozalkylardan gowulaşandygyny belledi.

Entek problemalar bar

Emma, şeýle-de bolsa, Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň raportynda käbir oňyn alamatlara garamazdan, bu ugurda problemalaryň hem az däldigi görkezilýär. Mälim bolşy ýaly, heniz Saparmyrat Nyýazow dirikä, halkara jemgyýetçiliginiň uzak basyşlaryndan soň, 2004-nji ýylda Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtdaky dini azlyklara degişli toparlardan dokuzysyny resmi taýdan hasaba alypdylar.

Dini azatlyklaryň ýagdaýy barada maglumat ýaýradýan «Forum-18» guramasynyň baş redaktory Feliks Korli biziň bilen söhbetdeşliginde hat-da hasaba alnan guramalaryň işiniň hem Türkmenistanda heniz örän çäklendirilen ýagdaýda bolmagynda galýandygyny belledi. Ol bu barada, hususan-da, şeýle diýdi: «Bu guramalaryň agzalaryna dini maksatlar üçin jaýlary gurmaga ýa-da ozalky bar bolan jaýlary ybadathana öwürmäge ýol berlenok. Adamlaryň dini kitaplary çap etmeklerine ýa şeýle kitaplary ýaýratmaklaryna, satmaklaryna ýa-da olary daşary ýurtlardan erkin getirmeklerine rugsat berlenok».

Dini kitaplar

Dini kitaplar bilen baglanyşykly gürrüň edilende, Aşgabatdaky dini azlyklara degişli bir toparyň wekili ýakynda paýtagtyň aeroportynda öz ýany bilen göterip gelýän ýeke-täk «Injil» kitabyny hem gümrük gullugynyň işgärleriniň konfiskasiýa edendiklerini aýtdy.

Dini kitaplaryň çap edilmegine ýa-da olaryň daşary ýurtlardan ýurduň içine getirilmegine girizilýän şular ýaly gadagançylyklar hem Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň hasabatynda çynlakaý problemalardan biri hökmünde görkezilipdir.

Mundan daşgary hasabatda dini toparlary registrasiýa etmek işinde-de Türkmenistanyň kanunçylygynda käbir düşnüksiz ýagdaýlaryň dowam edýändigine üns çekilipdir. Hususan-da, onda Türkmenistandaky dini azlyklara degişli toparlaryň diňe Aşgabatdaky bölümleriniň registrasiýa edilip, ýerlerdäki bölümleriniň bolsa hiç hili hasaba alynmaýandygy aýdylýar. Bu ýagdaýy Türkmenistandaky ”Krişna aň ýetiriş” guramasynyň agzasy Gurban hem tassyklady we munuň sebäbini ýerli çinownikleriň düşündirip bilmeýändiklerini aýtdy.

Türkmenistanda din we syýasat

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti özüni dünýewi döwlet diýip atlandyrýan Türkmenistanyň döwlet syýasatynda yslam dininiň hem az rol oýnamaýandygyny belleýär. Hususan-da, hasabatda Türkmenistanyň müftülerine we din baradaky geňeşleriň ähli işgärlerine döwlet tarapyndan aýlyk tölenilýändigi görkezilýär.

Mundan daşgary oraza we gurbanlyk ýaly dini baýramçylyklaryň hem Türkmenistanda milli baýramçylyklar hökmünde bellenilip, olardaky çärelere-de döwlet tarapyndan serişdeleriň goýberilýändigi aýdylýar. Şeýle hem Döwlet departamenti ýurduň territoriýasyndaky käbir uly metjitleriň-de döwletiň serişdesine gurlandygyny belläp, bular ýaly çäreleriň Türkmenistanyň dünýewilik syýasatyna we onuň Konstitusion prinsiplerine gönüden-göni garşy gelýändigini nygtapdyr.
XS
SM
MD
LG