Emma hakykatda özlerini iň bagtly saýýan adamlar buz ýaly sowuk howasy bilen tanalýan Finlandiýada ýaşaýan ekenler. Bu hakykat düýbi Britaniýada ýerleşýän Legatum institutynyň analitik merkezi tarapyndan geçirilen barlaglarda anyklanypdyr. Şol barlaglaryň netijesinde “Ösüş indeksi” atly hasabat çap edildi.
“Osüş indeksi” atly hasabat, ynha, indi 3 ýylyň dowamynda çap edilip gelinýär. Şeýle hasabatyň üstünde işlenip, onuň ýaýradylmagyna, 1968-nji ýylda ABŞ-nyň baş prokurory wezipesini eýelän Robert Kennediniň bir çykyşy sebäp boldy.
Şol çykyşynda jenap Kennedi belli bir ýurduň ösüş derejesini görkezýän jemi öndürilýän içerki önümiň hemme ykdysady görkezijileri öz içine alýandygyny aýdyp, ýöne welin, onuň durmuşyň hakyky manysyny görkezip bilmeýändigini belledi.
Hut şol sebäplere görä, Britaniýada ýerleşýän Legatum institut ýurtlaryň ykdysady görkezijileri bilen bir hatarda şol ýurtda ýaşaýan adamlaryň şahsy erkinligini, olaryň jan saglygyny, bilim derejesini, howpsuzlyk meselesini hem-de jemgyýet tarapyndan näderejede goldaw tapýandygy ýaly görkezjileri öwrenip, “Ösüş indeksi” atly hasabaty ýaýradyp başlady.
104 ýurduň adamlarynyň pikiri
2009-njy ýyl boýunça geçirilen şu gezekki barlaglarda sanaw jemi 104 ýurtda ýaşaýan adamlaryň pikiri soralyp düzülipdir. Merkezi Aziýa regionyndan bu hasabatda Özbegistan hem Gazagystan barada maglumat çap edildi. Ýagny bu hasabat boýunça 104 ýurtdan Özbegistan 92-nji orna mynasyp bolupdyr, Gazagystan bolsa 76-njy orny eýleýär.
Şeýle hem bu barlag işleri täsin bir fakty anyklady. Örän garyp ýurtlarda ýaşan adamlar garyplykdan çykyp, girdejileri artanda, kähalatda munuň olaryň özlerini bagtly duýmagynyň kemelmegine getirendigi belli edilipdir.
Ösüşe alyp barýan faktorlar
Şeýle-de bu barlaglaryň netijesinde ösüşe alyp barýan faktorlaryň biri-birine baglydygy anyklanypdyr. Mysal üçin, kiçi biznese hem dürli açyşlara ýol berýän ykdysadyýetli ýurtlarda şol kiçi telekeçiligiň ykdysady durnuklylygyň esasyny tutmaga ýardam berýändigi anyklanypdyr.
Bu hasabata görä, ýurduň dolandyrylşynyň hem adamlaryň özlerini bagtly düýmagyna gaty köp täsir edýändigini görkezipdir. Hökümetler däl-de şahsyýetler bagtly bolup, gurply ýaşamagyň düýbini tutýar. Emma raýatlaryň ýaşaýşy barada alada edýän ýurtlarda ykdysadyýetiň hem berk bolýandygy anyklanypdyr.
Şeýle-de on-ýigrimi ýyl mundan ozal gaty ýaramaz ýagdaýy başdan geçiren käbir ýurtlaryň galkynyp, ösüş gazanyp bilýändigi belli bolupdyr. Mysal üçin, Irlandiýanyň ilaty 20 ýyl mundan ozal garyp ýaşap, basyş astyndaky iň sussy pes halklaryň biridi. Şu gezekki hasabatda bolsa Irlandiýa 104 ýurduň içinde 11-nji orny eýeledi.
Eýran, Özbegistan we Gazagystan
Eýrandaky ýagdaý, geçen gezekki bilen deňeşdirilende, ykdysady ösüş, demokratik institutlar, howpsuzlyk hem gorag, hökümeti dolandyrmak, şahsy erkinlik, sosial ynam meselelerinde öňküden ýaramazlaşyp, ýurt 95-nji orna düşüpdir.
Özbegistanyň ýagdaýy hem Eýranyňkydan az-owlak tapawutlanyp, bu ýurt 92-nji orunda goýulypdyr. Özbegistanda ykdysady ösüş, demokratik institutlar, hususy telekeçilik, şahsy erkinlik hem sosial gorag ýaly faktorlar öňküsinden beterleşipdir. Gazagystan hem Özbegistan bilen bagly agzalan köp faktorlarda pese düşüp, diňe hususy telekeçilik hem düýp ykdysady görkezjileri boýunça gowy baha alypdyr.
Orsýet we Ukraina
Bu hasabatda Orsýet 69-njy orunda bolup, howpsuzlyk hem gorag meselesinde, ýurdy dolandyrmak, şahsy erkinlik we sosial ynam ýaly faktorlar boýunça pes baha alypdyr. Orsýetiň raýatlary diňe bir zatda, ol hem bilim meselesinde özlerini kanagatly duýýandyklaryny mälim edipdirler.
Ukrainanyň ýagdaýy geçen saparkylar bilen deňeşdirilende, sosial gorag hem hökümeti dolandyrmak meselesinde ýaramazlaşypdyr. Bu ýurt sanawda 61-nji orunda ýerleşdirilipdir.
Bu sanawda Belarus 85-nji orny eýeledi, Moldowa bolsa hemme görkezjiler boýunça pese gaçyp, 78-nji orna mynasyp bolupdyr.