Duşenbe güni Yragyň Kürdüstan awtonom regionynyň prezidenti Massud Barzani bilen Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Joe Baýden öz telefon gürrüňdeşliklerinde ýurtdaky saýlawlar boýunça ýurduň täze kanunyň kabul edilmeginiň möhümligini nygtandyklaryny aýtdylar.
Ýatladyp geçsek, Yragyň nobatdaky Parlament saýlawlary geljek ýylyň 16-njy ýanwaryna bellenilipdi. Ýöne saýlawlar baradaky täze kanunyň taslamasyny kabul etmek işiniň kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolandygy sebäpli, Parlament saýlawlary hem birneme yza süýşüriler diýlip garaşylýar.