Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde ýaýraýan keseller alada goýýar


Orsýetde ýokary tizlik bilen ýaýraýan AIDS we beýleki keseller barada ýurduň ýolbaşçylarynyň talaba laýyk alada etmeýänligi, ýurtda işe ýarawly ýaşdaky adamlaryň sanynyň ýylda 1 million töwregi azalýandygy, peseliş şeýle dowam eden ýagdaýynda ykdysadyýeti çökermän saklamagyň aňsat bolmajakdygy barada Orsýet boýunça ekspert, ýokary derejeli alym Murray Feşbah bilen söhbetdeşlik.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Birleşen Milletler Guramasynyň dünýä ilaty barada öten aý neşir eden raportynda Orsýetiň häzir 142 milliona golaý ilaty 2050-nji ýyla çenli aşaklap, 110 million töweregi bolar diýip, çak edilýär. Hökümetiň ilat sanynyň barha azalmagyna garşy berýän gaýtawuly dogum derejesini ýokarlandyrmak. Ilat sanyny artdyrmaga başga ýol ýokmy?

Murraý Feşbah: Ölüm barada kän agzalanok. Ýöne bu san gaty ýokary. Mysal üçin, ýürek we rak keselinden gidýänleriň sany adam başyna hasaplanyňda Günbatar Ýewropa we Birleşen Ştatlardakydan 3-4 esse ýokary. Olar dogulýan çagalaryň üstüni doldurmak üçin muny kemeltmeli. Görşümiz ýaly çagaly aýallaryň sany indi gitdigiçe azalýar.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Spid ýaly ýokanç keselleriň täsiri nähili? Hökümetiň bu meselä çemeleşişi talaba laýykmy?

Murraý Feşbah: Gynansak-da, ors ýolbaşçylary ýeke spid däl, eýsem inçekesel we gepatit barada hem ýeterlik alada etmeýärler. Bularyň hemmesi sanjylyp ulanylýan neşe bilen baglanyşykly. Has çylşyrymlysy-da, köp dermanlar bilen bejerip bolmaýan inçekeseliň köpelendigi. Inçekesel bilen spidiň birlikde ýokaşýan halatlarynyň artmagy.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Saglyk we demografiýa barada gözden salnan başga nähili problemalar bar?

Murraý Feşbah: Bular çilim çekmek we beýleki töwekgelçilikli gylyk - häsiýetleri öz içine alýar. Muňa çaga saglygyny, täze önüp-ösýänleriň saglygyny-da goşmak gerek. Bu problemanyň çözgüdi üçin edilmeli işler gaty köp. Ýöne bular aňsat işler däl. Mysal üçin adamlara alkogolly içgini nädip az içirjek? Olaryň içgi içme endigini nädip üýtgetjek?

Orsýetde içenlerinde zat goýman, hemmesini birden içýärler. Gürrüň ýeke bir köplükde däl. Beýle içilende, ol gandaky etanol derejesine-de ýaramaz täsir edýär. Bu hem başga problemalara getirýär. Bütindüňýä Saglyk Guramasy ýylda adam başyna içilýän alkogol 8 litrden geçse, zyýanly diýip garaýar. Orsýetde bolsa bu 16-18 litr töweregi.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Orslar millet hökmünde ölüp gider diýip, çak etmäge esas barmy?

Murraý Feşbah: 2075 ýa 2100-nji ýyla çenli ilat sany aşaklap, 35-50 million aralygyna geler diýip edilýän çaklamalar ýok däl. Men bilemok. Ýöne ykdysadyýeti çökermän saklamak gaty kyn düşer. Sebäbi işe ýarawly ýaşdaky adamlaryň sany ýylda 1 million çemesi azalýar. Orsýet döwlet hökmünde dargap gider öýdemok. Ýöne geçmişde edişi ýaly, ol öz güýjüne daýanyp, töweregine pitjiň atyp bilmez.
XS
SM
MD
LG