Amerikanyň Döwlet sekretary Hillari Klinton prezident Obamanyň administrasiýasynyň yslam dünýäsi bilen Birleşen Ştatlaryň gatnaşyklaryny ýakynlaşdyrmak planlary bilen baglanyşykly eden düýnki çykyşynda bu plany biznes, ykdysady we bilim programmalarynyň üsti bilen amala aşyrmaklygyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.
Arap döwletleriniň Marokkoda gurnan ösüş forumynda eden çykyşynda Hillari Klinton esasan arap dünýäsine gönukdiriljek täze programmalaryň ylmy we tehniki hyzmatdaşlyklary, aýal-gyzlaryň jemgyýetdäki roluny, şeýle hem dinleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekligi maksat edinýändigini nygtady.
Täzeçe başlangyçlar
Hanym Klintonyň çykyşy prezident Barak Obamanyň şu ýylyň iýunynda Müsüriň paýtagty Kairde eden çykyşynyň özboluşly bir dowamy bolup eşidildi. Prezident Obama hem şol çykyşynda Birleşen Ştatlaryň yslam dünýäsi bilen gatnaşyklarynda dörän kynçylyklary ýeňip geçmek üçin täzeçe başlangyçlary ýola goýmaklygy söz beripdi.
Barak Obamanyň administrasiýasynyň bu ugurdaky başlangyç ädimlerinden biri hökmünde ”Reýter” habar agentligi geljek 2010-njy ýylyň başynda Waşingtonda Amerikanyň biznes ýolbaşçylary bilen musulman ýurtlaryň şirketçileriniň we innowatorlarynyň bilelikdäki sammitiniň gurnaljakdygyny habar berýär. Mundan daşgary Birleşen Ştatlar bilen yslam ýurtlarynyň biznesmenlerini, inwestorlaryny we okuw jaýlaryny özara baglanyşdyrjak ýörite maglumat setleriniň hem dörediljekdigi aýdylýar.
Birleşen Ştatlaryň prezident administrasiýasy özüniň täze programmasynda sosial durnuksyzlygy başdan geçirýän Ýemende ykdysadyýeti, sosial hyzmatlary we ýerli dolandyryşy ösdürmekligi göz öňünde tutýan 76 million dollarlyk ýörite proýekti hem durmuşa geçirmekligi göz öňünde tutýar. Täze programmanyň çäklerinde şol sanda ýaşlaryň jenaýatçylyklara we terrorizme ýykgyň etmek problemasy ýokary bolan Iordaniýada ýaşlara sosial ýardamlary bermekligi göz öňünde tutýan 30 million dollarlyk proýekt hem bar.
Ysraýyl – palestin konflikti
Hepdäniň duşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton halkara syýasatda uly alada döredýän mesele bolup duran ysraýyl-palestin konflikti barada-da durup geçdi. Hanym Klinton öz çykyşynda Palestinanyň territoriýasynda Ysraýylyň alyp barýan gurluşyk işleri barada tankydy bellikleri aýtdy we Ysraýylyň ädimleriniň Waşingtonyň tamasyny ödäp bilmeýändigini belledi. Şeýle hem ol bu ugurda Birleşen Ştatlaryň pozisiýasynyň öňküligine galýandygyny nygtady. Prezident Barak Obama indi Ysraýyly palestinanyň territoriýasyndaky gurluşyklaryny doly togtatmaklyga yzygiderli çagyryp gelýär.
Düýn Marokkoda eden çykyşynda Hillari Klinton hem bu meseläni gozgap, şeýle diýdi: «Elbetde, biz palestin territoriýasynda Ysraýyl tarapyndan ilatly nokatlaryň gurulmagyny kanuny diýip hasaplamaýarys. Biz muny yzygiderli gaýtalap gelýäris we biz özümiziň bu baradaky pozisiýamyzy ysraýyllylara-da, araplara-da, palestinlilere-de we tutuş dünýä-de açyk aýdyp gelýäris».
Marrokkoda eden bu çykyşyndan soň Hillari Klinton düýn Müsüriň paýtagty Kaire uçdy. Hanym Klinton şu gün ol ýerde Müsüriň prezidenti Hosni Mübärek bilen duşuşar diýlip garaşylýar.