Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstanlylar "daşary ýurt agenti" kanunyna garşy ýörişlerini dowam etdirýärler


7-nji maýdaky ýöriş parlament binasynyň öňünde başlanyp, häkimiýet başyndaky “Gürji Arzuwy” partiýasynyň baş edarasyna tarap dowam etdirildi.
7-nji maýdaky ýöriş parlament binasynyň öňünde başlanyp, häkimiýet başyndaky “Gürji Arzuwy” partiýasynyň baş edarasyna tarap dowam etdirildi.

Gürjüstanda dawaly "daşary ýurt agenti" kanunyna garşy durýan demonstrantlar paýtagt Tbiliside ýene-de ýöriş geçirdiler. Bu aralykda, parlamentde bu kanun taslama bilen bagly soňky diňlenişik geçirilmeli.

7-nji maýdaky ýöriş parlament binasynyň öňünde başlanyp, häkimiýet başyndaky “Gürji Arzuwy” partiýasynyň baş edarasyna tarap dowam etdirildi. Ol ýerde protestçileriň öňüne polisiýanyň bekedi böwet boldy. Demonstrantlaryň käbirleriniň ellerinde Ýewropa Bileleşiginiň we Gürjüstanyň baýdaklary bardy.

Ýörişiň dowamynda gazaplylyk hadysalary barada maglumat gowuşmady.

Teklip edilýän “daşary ýurt agentleri” kanunyna garşy çykýan adamlaryň Russiýada Moskwanyň başgaça pikirlileri basyp ýatyrmak üçin ulanan repressiw kanunlaryndan ylham almakda aýyplamagy bilen, Gürjüstan birnäçe hepde bäri paýtagty çaýkan protestlere gaplandy. Polisiýa protestçileri berk görnüşde dargadyp, şol sanda rezin oklary ulandy.

Bu kanun taslamasy, eger-de kabul edilse, öz maliýe serişdeleriniň 20%-den gowragyny daşary ýurtlardan alýan guramalardan, “daşary ýurt täsirleri” hökmünde hasaba alynmagyny talap eder. Kanun taslamasyna garşy çykýanlar onuň durmuşa geçirilmeginiň ýurduň Ýewropa Bileleşigine agza bolmak ugrundaky tagallalaryna wehim salýandygyny duýdurýarlar.

Bu taslama boýunça üçünji we soňky diňlenişik 13-nji maýda geçmeli.

XS
SM
MD
LG