Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Owganystandaky işgärleriniň ýüzlerçesini başga ýere göçürýär


BMG Owganystandaky halkara işgärleriniň ýüzlerçesini wagtlaýynça başga ýere göçürýändigini aýdýar.

BMG-niň beýanatynda 600 çemesi daşary ýurtly işgäriň has howpsuz erlere göçürilýändigi, olaryň köpüsiniň Owganystandan daşaryk çykarylýandygy aýdylýar.

Owganystanda BMG-niň 5600 çemesi işgäri bar we olaryň köpüsi owganlardyr. Bu çäre 28-nji oktýabrda janyndan geçen bombaçynyň BMG-niň Kabuldaky myhman jaýyna eden hüjüminden soň görülýär. Şol hüjümde BMG-niň 5 işgäri öldürilipdi.
XS
SM
MD
LG