Sowet Soýuzynyň öňki lideri Mihail Gorbaçýow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny Owganystana goşmaça harby ibermezlige çagyrdy.
Ol CNN telekanalyna beren interwýusynda, Owganystan barada etmeli iş, şol ýurda goşmaça harby ibermek däl, eýsem esasy maksat şol ýurtdan harbylary yzyna çekmek bolmalydyr diýdi.
Mälim bolşuna görä, Gorbaçýow 1985-nji we 1991-nji ýyllaryň aralygynda Sowet Soýuzynyň prezidenti hem-de Sowet goşunynyň Owganystandan çekilmegi baradaky karara gol goýan liderdir.
Ol interwýusynyň dowamynda, Owganystanyň Sowet Soýuzy tarapyndan kontrolluk edilýän mahalynda-da bu ýurda goşmaça harby ibermek barada pikir alşylanlygyny emma netije-de bu pikire garşy karar kabul edilenligini aýtdy.
Gorbaçýowyň bu baradaky pikiri, Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň Owganystana goşmaça harby iberip-ibermezlik barada pikirlenýän mahalyna gabat geldi.
Pentagon Owganystana 40 000 töweregi goşmaça harby iberilmegini talap edýär.