Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berlin diwarynyň ýykylmagynyň 20 ýyllygy bellenýär


Şu gün Berlin diwarynyň ýykylmagynyň 20 ýyllygyny bellemek üçin Berline ýygnanan müňlerçe adamlaryň hataryna käbir dünýä döwletleriniň liderleri hem goşuldy.

Şu gün giçlik Germaniýanyň Kansleri Angela Merkel ozalky Berlin diwarlarynyň geçelgesi bolan Brandenburg derwezesiniň ýanynda Britaniýanyň premýer-ministri Gorden Braun, Fransiýanyň prezidenti Nikolas Sarkozi, Orsýetiň prezidenti Dimitriý Medwedýew we Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton dagylar bilen duşuşar diýlip garaşylýar.

Berlin diwarynyň ýykylmagynyň 20 ýyllyk ýubileý dabarasyna şu gün ozalky Sowet lideri Mihail Gorbaçýow, Polşanyň ozalky prezidenti Leh Walensa we öz döwründe bu diwaryň ýykylmagy ugrunda aktiw çykyş eden dissidentleriň hem ýüzlerçesi gatnaşar.
XS
SM
MD
LG