Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saglyk ýolumy ýa-da...


Aşgabadyň günortasyndaky «Saglyk ýoly» Giňdiwar dagynyň üstünden guruldy. Basgançakma-basgançak aşak-ýokaryk düşülýän «Saglyk ýoly» diýseň kaşaň hem gözel. Aýratynam, bu ýeriniň howasy hoştap.

«Saglyk ýolunyň» daş-töweregine ekilen baglar indi mazaly boý aldy. Tomsuň yssy günleri «Saglyk ýolunyň» daş-töweregi adamdan dolýar. Her kim maşgalasy bilen dynç almaga gelýär. Otuň üstüne keçe, palas ýazyp, iýip-içip, top oýnap, dynç alyp, keýpden çykýarlar. Hasam çagalaryň göhi gelýär.

Dagdan, arçalardan gelýän arassa howa çagalara, umuman, hemme kişä hoş ýakýar. Paýtagtlylar öz myhmanlaryny-da şu ýere gezelenje getirýärler. «Saglyk ýoly» ýaz paslynda hasam gelşigine gelýär. Gül-gunçalaryň, gülälekleriň, çigildemleriň ysy sergin howa bilen garyşyp, seriňi durlaýar, şähdiňi açýar.

«Saglyk ýolunyň» töwereginde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirilýär, aýdym aýdylyp, saz çalynýar, tans edilýär. «Saglyk ýolundan» iň öňürti geçenlere telewizor, pylesos, wideomagnitafon ýaly sowgatlar gowşurylýar. Şatlyk-şagalaň. Hezillik. Lezzet.

Hezil welin ýöne…

Ýöne welin munuň bir emmasy bar. Şolam adamlaryň köp böleginiň keýpine sogan dograýar.

Mejburylyk. Hökman geläýmeli. Şu jümleleriň aňyrsynda nägilelik ýatyr. Onsoň, iň lezzetli zadyň-da tagamy gaçýar. Aşgabatlylar, has dogrusy, býujetden aýlyk alýanlar, talyplar, okuwçylar «Saglyk ýoluna» mejbury barmakdan halys ýagyr boldular.

Şeýle ýaramaz nysak baryp Saparmyrat Nyýazowyň döwrunden başlandy. Onuň özem birnäçe ýola bärik gelipdi. Şol wagtlar «Saglyk ýoly» «Serdaryň saglyk ýoly» dýilip atlandyrylýardy. Indi «Serdar» ady aýryldy. Emma endik welin şol öňküligine galdy. Häzirem býujetden aýlyk alýanlar «Saglyk ýoluna» mejbury sürülýär. Ozalky prezident aradan çykandan soň, köpleri kejikdirýän bu nysak aradan aýrylar öýdülipdi. Ýöne «Saglyk ýoluna» mejbury dyrmaşmak däbi aýrylybermedi.

Nämesi kyn?

Türkmenistanyň ýagdaýyndan bihabar kişileriň: «Näme, dagyň, bagyň sergin howasynda basgançakma-basgançak münüp-düşmek ejir berýämi?» diýip sowal bermekleri-de mümkin.

Muny düşündirmäge çalşalyň. Indi ençeme ýyl bäri býujetden aýlyk alýanlar (muňa esasan mugallymlar, wraçlar, radio-telewideniýedir metbugat, medeniýet, sungat işgärleri girýär) «Saglyk ýoluna» zorluk bilen çykarylýar. Talyplar-a «Saglyk ýolundan» geçmekden bez boldular. Baýramçylyk günleri (Türkmenistanda her iki hepdeden diýen ýaly baýramçylyk) olar hökman «Saglyk ýoluna» çykarylýar.

Belli-belli pudaklar öz ugurlary boýunça gezekli-gezegine her dynç güni «Saglyk ýoluna» çykmaly. Aýda bir gezekden düşýär. Özem gyşyn-ýazyn şeýle. Sowukda-da çykmaly, yssydy-da çykmaly.

«Aýda bir gezek daga çykanyň bilen döw çalasy ýok!» diýjeklerem tapylar. Dagyň howasy, ýapyýokary dyrmaşmaklyk, ep-esli ýol geçmeklik her kime başardanok. Munuň üçin taýýarlyk gerek. Ýaş bolmaly. Sportsmen bolmaly. Taýýarlyksyz kişileri, ýaşy durugşanlary ýol ýaman heläk edýär.

Gitmedikler name?

Edaralaryň ýolbaşçylary sen ýaş bol, goja bol, pensioner bol, göwreli bol, parhy ýok, barysyna «Saglyk ýoluna» çykmaly diýip görkezme berýär. Hökman gidäýmeli. Gitmedikler hökümediň syýasatyna garşy çykýan, jemgyýetçilik çärelerinden gaça durýan hökmünde ýazgarylýar.

Kimiň hökümediň garşysyna çykasy gelýär? Saparmyrat Nyýazowyň hökmürowan döwründe gözi gorkan işgärler: «Türkmenistanyň haýsy kanunynda jemgyýetçilik çärelerine hökman gatnaşmaly diýlip ýazylan? Hiç kanunda beýle madda ýok. Düşündirişem ýazjak däl. Işden çykarmaga-da hakyňyz ýokdur. Suda beräýerin!» diýip, etini gataldyp, gaýrata galyp bilenoklar.

Iň ýaramaz ýeri, «Saglyk ýoluna» irden sagat altyda barmaly. Munuň üçin altynjy gün ukudan galmaly. Pesinden sagat dörtde turmaly. Daň bilen awtobuslar gatnanok. Onsoň, ep-esli pul çykaryp, taksi tutmaly. Änewden, Gämiden, Büzmeýinden, hatda Gökdepeden gatnap işleýänlerem bar. Olara-da hiç hili eglişik ýok. Hökman geläýmeli. Onsoň şäheriň daşynda ýaşaýanlaryň käbiri ýa-ha edarada ýatmaly bolýar, ýa-da şäherdäki tanyş-bilişleriniňkide galmaly bolýar.

Gülkünç waka-da boldy

Mundan birnäçe ýyl ozal «Saglyk ýolunda» gülkünç waka-da boldy. Meşhur aktýor Töre Annaberdiýew dag ýoluna çykdy. Agyr göwre aşak-ýokaryk galyp durmaga ýaramady öýdýän. Ol daljygyp, haşlap, derini sylyp, ýüregini tutup, gara çyny bilen: «Bu «Saglyk ýoly» däl, «Ajal ýoly» diýipdi. Onuň bu sözleri şondan soň halkyň arasynda ganatly söze öwrüldi.

«Saglyk ýoluna» mejbury çykarylýanlaryň arasynda çaşyp-üýşýänleriniň sanynyň hetdi-hasaby ýok. Jan üçin şeýle howply hadysalaram «Saglyk ýoluna» mejbury çykmagy ýatyryp bilmedi. Aýylganç ýeri, dag ýolunda ölüm-ýitimem ýüze çykyp başlady. Oba hojalyk uniwersitetiniň bir mugallymynyň şu ýerde ömür tanapynyň üzüleni hakykat. Şeýle mysallar başga-da kän.

«Saglyk ýoluna» çykylandaky çaşyp-üýşmek, ölüm-ýitim hiç bir ýolbaşçynyň aňynda öwrülişik edip bilmedi. Çinownikleriň hiç biri: «Biziň şu mejburylygymyz gowy zat däl. Biz adamlaryň hukugyny depeleýäris, olary heläk edýäris. Mejburylygy ýatyrmaga wagt ýetdi...» diýmäge milt edip bilmedi.

Şeýlelik bilen Saparmyrat Nyýazowdan galan ýowuz endik häzirem dowam edip gelýär. Mejbury «Saglyk ýoluna» çykarylýanlar, elbetde, nägile. Ýöne olaryň sessiz arzyny diňleýän ýok.

Çoluk Möwlamow Aşgabatly synçy. Blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

XS
SM
MD
LG