Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama: Eýrandaky syýasy ýagdaýlaryň ýadro ýaraglar boýunça gepleşikleri kynlaşdyrýan bolmagy mümkin


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama, Eýrandaky çözülmedik syýasy ýagdaýyň Tähran bilen halkara güýçleriň arasynda ýadro ýangyjy boýunça ylalaşygy kynlaşdyrýan bolmagynyň mümkindigini aýtdy.

Ol “Roýter” habar agentligine beren interwýusynda, Tähranyň ýadro meselesi barada hödürlenen teklibe henize çenli pozitiw jogap bermänligine garamazdan, Waşingtonuň bu teklibi goldamak boýunça halkara jemgyýetçiligi bilen bir hatarda durýanlygyny aýtdy.

Barak Obama aýratynam, Orsýet, Hytaý, Germaniýa, Britaniýa Fransiýa we Birleşen Ştatlarynyň Eýrana hödürlän teklibiniň gaty mynasypdygyny hem belledi.

Ol Tähranyň bu teklibi kabul etmegi, bu ýurduň ýadro programmasynyň parahatçylykly maksatlary eýerýändigine hem-de Eýranyň ýadro ýaraglar öndürmäge synynyşýandygy baradaky şubhäniň aradan aýrylmagyna ýardam etjekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG