Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moldowadaky prezident saýlamak boýunça ses berişlik netijesiz


Şu gün Moldowanyň Parlamentiniň ýurdun täze prezidentini saýlamak boýunça geçiren ses berişligi netijesiz tamamlandy.

Parlamentde orunlaryň köpçüligini eýeleýän Günbatara tarapdar partiýalaryň syýasy blogy prezidentlik wezipesine Demokratik partiýanyň lideri Marian Lupuny hödürläpdiler. Emma Parlamentdäki kommunistler Marian Lupunyň kandidaturasyna ses bermekden ýüz öwürdiler.

Şeýlelikde, Marian Lupu prezident saýlanmak üçin zerur bolan 61 sese eýe bolup bilmedi. Moldowanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, Parlamentde ikilenji gezek geçiriljek ses berişlikde-de deputatlaryň anyk bir kandidaty prezident saýlap bilmedik halatynda, ýurtda möhletinden öň Parlament saýlawlary geçirilmeli.
XS
SM
MD
LG