Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran amerikan syýahatçylaryna aýyplama bildirýär


Tähranyň Baş prokurory Abbas Jafari Döwletabadi.
Tähranyň Baş prokurory Abbas Jafari Döwletabadi.

Eýranyň döwlet eýeçiligindäki IRNA habar agentliginiň Tähranyň Baş prokurory Abbas Jafari Döwletabadiýä salgylanyp, 9-njy noýabrda habar bermegine görä, birnäçe amerikan syýahatçylaryna içalyçylykda aýyplama bildirlipdir.

Bu üç amerikanla resmi taýdan aýyplamanyň bildirilendigi entek anyk däl. Ýöne Eýranyň prokurory tarapyndan şeýle beýanatyň edilmegi güman edilýän aýyplamanyň köplenç eýýäm ýöňkelendiginiň alamaty bolup durýar.

Amerikan syýahatçylary, 27 ýaşly Shaine Bauer, 31 ýaşly Sara Shoud we 27 ýaşly Josh Fattal 31-nji iýulda Demirgazyk Yrakdan, bilmezlikden Eýranyň territoriýasyna geçenlerinde, tussag edildiler. Amerikan hökümeti we olaryň hossarlary bu üç adamynyň syýahat maksady bilen sebite barandyklaryny aýdýarlar.

Aýyplamalar barada subutnama ýok

ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillari Klinton Berlin diwarynyň ýykylmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabara gatnaşmak üçin Berline geldi. Şonda ol öz çykyşynda bu üç amerikanla ýöňkelen aýyplama barada subutnamanyň ýokdugyny aýtdy.

«Biz bu ýaş adamlaryň hem-de olaryň hossarlarynyň adyndan öz islegimizi gaýtalaýarys, ýagny Eýran hökümetiniň rehimdarlyk edip, olary erkinlige goýbermegini isleýäris. Biz bu meseläni ABŞ-nyň Tährandaky diplomatiýasyna wekilçilik edýän Şweýsariýanyň ilçihanasynyň kömegi bilen yzarlaýarys» diýip, hanym Klinton mälim etdi.

Şweýsariýaly wekiller tarapyndan bu üç adama ýöňkelýän aýyplamanyň tassyklanandygy hakynda özlerine heniz maglumatyň gowuşmandygyny-da Ak tam bildirdi. Ýöne Döwlet sekretarynyň wekili Ian Kelly, eger-de bu maglumat dogry bolsa, onda ABŞ bu serpmeden gaýdan ýaly edýän meselä çözgüt tapmaly diýdi.

Ak tamyň metbugat sekretary Robert Gibbs tussaglykda saklanylýan bu üç amerikanlynyň günäsiz ýaş adamlardygyny aýdyp, Eýran hökümetiniň olary erkinlige goýbermelidigini nygtady. Olaryň erkinlige goýberilmegi tizleşdirilmeli diýip, ol nygtady.

Bu üç adamynyň hossarlary-da ö ýaýradan beýannamalarynda olara ýöňkelen içalylyk aýyplamany ret edip, Eýran hökümetini olary derhal erkinlige goýbermäge gyssagly çagyrdylar.
XS
SM
MD
LG