Azerbeýjanly sud iki sany ýaş internet blogçylaryny 2 we 2 ýarym ýyl möhlet boýunça azatlykdan mahrum etdi. Olar huligançylykda aýyplandylar.
Adnan Hajizade bilen Emin Milli iýul aýyndan bäri tussaglykda saklanýardy. Olar Bakuwda ýerleşýän bir naharhanada bolan uruşdan soň tussag edilipdi.
Olar azeri ýolbaşçylaryny tankyt edenligi üçin tussag edilendiklerini we bu aýyplamalaryň syýasy äheňlidigini aýdýarlar. Bu waka bilen bagly hukuk goraýjy guramalar we günbatar ýurtlary Bakuwy tankyt edýärdiler.
Azerbeýjanyň prezidenti Ylham Aliýew aýratynam söz we metbugat azatlygyny bogmaga synanyşýanlykda aýyplanýar.
Azeri sudy tarapyndan bu karar yglan edilen soň bu aktiwistleriň goldawçylary sudyň binasynyň öňünde protest gurnadylar.