Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Talyplaryň ýeňşi hem begençli, hem gynançly


HTTU-nyň futbol komandasy “Aşgabat” komandasy bilen final oýunda duşuşýar, fewral, 2008-nji ýyl.
HTTU-nyň futbol komandasy “Aşgabat” komandasy bilen final oýunda duşuşýar, fewral, 2008-nji ýyl.

Türkmenistanyň futbol çempionaty tamamlandy. Çempionatyň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň (HTTU) topary ýurduň çempiony bolmagy başardy.

HTTU-nyň talyplardan düzülen futbol topary 2005-nji we 2006-njy ýylda hem ýurduň çempiony bolmagy başarypdy. Bu gezekki ýeňiş olary Türkmenistanyň futbol çempionatynyň üçünji gezek çempiony etdi. HTTU-nyň futbol toparynyň tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewe bolsa Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi diýen at berildi.

Şu ýyl Türkmenistanyň futbol çempionatynda jemi 9 komanda çykyş etdi. Talyplaryň ýurduň çempiony bolmaklyklary, onda-da üçünji gezek çempion bolmaklyklary köpleri begendirdi. Emma başga bir tarapdan alanyňda, bu höwesjeň futbol toparynyň ýurduň milli çempionatynda bir tapgyr öňünden üstünlik gazanmagy türkmen futboly üçin gaty gynandyryjy ýagdaý boldy.

Futbol gözgyny ýagdaýda

Soňky ýyllarda ýurtda sporta bolan ünsüň juda pese düşmegi netijesinde, sportuň ähli görnüşleri bilen birlikde, iň bir söýgüli oýunlaryň biri bolan futbolyň ýüzüne-de gara çekildi.

Türkmen futbolynyň legendasy bolan «Köpetdag» komandasy maliýe serişdeleriniň ýetmezçiligi sebäpli, indi iki ýyl bäri milli çempionata gatnaşyp bilenok. Şunuň ýaly ýagdaý «Nisa», «Ahal» komandalary bilenem baglydyr. At-abraýy boýunça «Köpetdagdan» kem oturmaýan «Nisa» komandasynyň ady indi üç ýyldan gowrak bäri milli çempionatdan ýitirim boldy.

Ahal welaýatynyň «Ahal» komandasynyň ýagdaýy hem gözgyny. Bu komanda maliýe serişdeleriniň ýetmezçiligi sebäpli, şu ýyl milli çempionata asla gatnaşyp bilmedi. Ýöne ol öňki ýyllarda-da çempionatyň başynda ýaryşa goşulaýanda-da, birinji aýlawdan soň, ýaryşdan galýardy.

Futbolçylara hak juda az tölenýär

Sportsmenleriň pikirine görä, ýurtda professional futbolyň dargamagy çinownikleriň futbolçylara ýokary derejede aýlyk haklaryny tölemekden ýüz öwürmekleri bilen bagly. Futbolçylara az hakyň tölenmek meselesini çinownikler özleriçe şeýle düşündirýärler. «Näme üçin top kowalap ýören futbolçy gije-gündiz zähmet çekip ýören daýhandan ýa-da işçiden köp aýlyk almaly?»

Häzirki wagtda bir futbolçynyň alýan ortaça aýlygy 150 dollar töweregi. Bu hak bolsa özüne göwni ýetýän futbolçylary düýbünden kanagatlandyrmaýar. Netijede olaryň köpüsi daşary ýurtlaryň çempionatlarynyň iň pes derejedäki futbol komandalaryna hem gitmäge mejbur bolýarlar.

Daşary ýurtlardaky ýaly futbol komandalaryny hususylaşdyrmak-da türkmen futbolynda başa baranok. Sebäbi ýurtdaky gurply firmalar girdeji getirmeýän futbol toparyny saklamakdan ýüz öwürýärler.

Pes derejede geçirilýän futbol ýaryşlaryna janköýerler hem barmaklaryny goýdular. Futbol oýnuna tomaşa etmekligiň mugt bolmagy hem janköýerleri stadionlara tarap çekmeýär. Duşuşyklaryň ählisi boş diýen ýaly stadionlarda geçirilýär. Stadionlara tomaşaçylaryň az gelmekleri bolsa ýurduň çinowniklerini kän bir basga goýup durmaýar.

Professional futbolçylaryň daşary ýurda siňip gitmegi bilen, ýurtda höwesjeň futbolçylaram futbol oýnuna gatnaşmaga känbir döwtalap däl. Sebäbi futbolda alynýan şikesiň berilýän 150 dollar hak bilen deňeşdireniňde juda çökderdigini olaram aňlaýarlar. Şu sebäpden hem ýurduň milli çempionatynda geçirilýän futbolyň at-abraýy gün-günden barha pese gaçýar.

Köpleriň ynanjyna görä, talyplardan düzülen HTTU-nyň höwesjeň komandasynyň ýurduň Milli çempionatynyň ýeňiji bolmagy-da türkmen professional futbolunyň doly derejede dargamagynyň netijesinde boldy. Sebäbi talyplara garşy durjak saldamly ýekeje-de futbol komandasy häzirki wagtda Türkmenistanyň milli çempionatynda ýok.

Futbol ýurduň abraýy

1990-njy ýylda Germaniýada geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatynda Kamerunyň toparynyň oňat oýunlary görkezip, çärýek finala çykmagy, bu ýurdy äleme meşhur etdi. Afrika yklymynda ýerleşýän, köpler üçin ady nätanyş bolan bu döwleti dünýä çempionatyndan soň, hemmeler tanap başlady.

Şol nukdaý nazardan seredeniňde, türkmen futbolynyň arşa galmagy, ýurduň abraýynyň hem arşa galmagydyr. Ýurtda gurulýan gymmat bahaly stadionlarda futbol duşuşyklary oýna tomaşa etmäge gelen janköýerlerden hyryn-dykyn doly ýagdaýda geçende, türkmen futbolynyň abraýy-da, ýurduň abraýy-da arşa göterilmezmi?.
XS
SM
MD
LG