Jelepçilik bilen meşgullanýanlar Türkmenistanda sowet döwründe-de bolupdy. Olar üçin ýurduň «Jenaýat kodeksinde» ýörite madda hem bardy. Şol madda boýunça jeleplere administratiw çäreler görlerdi, hatda olar käteler jenaýat jogapkärçiligine-de çekilerdiler.
Soýuzyň dargamagy bilen, dezintegrasiýa sebäpli Türkmenistanda dörän ykdysady krizisler işsizligi hem-de başagaýlygy döretdi. Geçiş döwründe döreýän şeýle kynçylyklar bolsa, ilkinji nobatda neşekeşligiň, şeýle hem jelepçiligiň ösmegine getirýär. Ýurtda henize çenli dowam edýän geçiş döwri, işsizlik bu käre baş goşýanlaryň ýyl-ýyldan ýaşalmagyna getirip başlady.
Sowet döwründe oba ýerlerinde jelepçilik bilen meşgullanýanlar bolmazdy. Şäher ýerinde hem bu käre baş goşanlary pislärdiler. Olary jemgyýet özüne goşmazdy.
Häzirki ýagdaýlar
Emma häzirki wagtda jelepçilik ýurtda iň bir ýaramaz derejä baryp ýetdi. Hatda iň bir ganygyzgyn hem ýeňlesligi halamaýan millet bolan türkmenler jeleplere adaty bir bolaýmaly zat ýaly seredip ugradylar. Olar jelepler bilen salam edýärler, alyş-beriş edýärler, toýda-ýasda gatnaşýarlar.
Ýurduň polisiýa işgärleri ýeňles käre baş goşanlara temmi bermänem duranok. Emma zähmet-düzediş edaralarynda-LTP-lerde on bäş sutka oturyp çykýan jelepler ýene öňki kärlerini dowam etdirmekden ýüz öwürmeýärler.
Jelepleriň owadanjalary hem ýaşajyklary bilen polisiýa işgärleriniň-de bolýandygyny jelepçilik ýoluna düşenler gizlemän gürrüň berýärler. Jelepçilik edýän ýaş gyzlar bilen gijäniň bir wagtyna çenli keýp çekip, içgili halda maşynlary agdarylýan polisiýa işgärlerine hem käýarym gabat gelinýär.
Wraç-ginekologlaryň kabinetiniň agzynda abort etdirmek üçin nobata durýan ýaşajyk gyzlary mydama görüp bolýar. Olaryň arasynda 14-15 ýaşlylar has agdyklyk edýär. Deri keselleri dispanseriniň jynsy keselleri anonim barlaýan bölümine nobata durýan ýaş oglan-gyzlar-da ýetik.
Esasy sebäp – ýeňil eklenç
Zenanlaryň jelepçilik ýoluna düşmegini ilkinji nobatda ýeňil eklenjiň gözlegine çykmaklyk bilen düşündirip bolar. Ýöne häzirki wagtda ýurtda jelepleriň aşa köp bolmagy bu käre baş goşup, esli puly aňryňa geçirmegem müşgil iş. Şäher içinde jelepleriň hyzmatyndan peýdalanmak üçin bary-ýogy 3-10 dollar, oba ýerinde bolsa 2-4 dollar ýeterlik. Ýöne şonda-da jelepçilige baş goşanlar bu kärden el üzmeýärler.
Häzirki wagtda ýurtda birnäçe tekstil kompleksleri, zawod-fabrikler hereket edýär. Mundan başga-da kommunal hyzmat ediş edaralary hem bar. Bu kärhanalarda aýlyklar juda ujypsyz, zähmeti bolsa gaty agyr. Ýöne şonda-da diňe halal zähmet bilen çörek iýmek düşünjesi bilen ýaşaýan gelin-gyzlar bu agyr işlerde işleýärler, oba ýerlerinde bolsa mal-gara, ekin-dikin bilen meşgullanýarlar.
Emma ýurtda iki sany synpyň, ýagny baý-garyp synpynyň ýyl geldigiçe ösmegi, täze döreýän ýaş nesliň has-da aňyny bulaşdyrýar. Mekdebi tamamlaýan ýaşajyk gyzjagazlar bary-ýogy 1 million manada sekiz sagatlap, hepdede alty gün tekstil kompleksinde zähmet çekmegi islänoklar. Olaryň aňynda birden baýamak, aňsat gazanç etmek pikiri gitdigiçe orun alýar. Ine, şu pikirler hem, köplenç halatda olaryň ters ýoly saýlap almagyna itergi bolýar.
Jemgyýetiň jeleplere bolan garaýşynyň üýtgemegi, ýagny olary pislemegiň, näletlemegiň deregine, biperwaýlyk bilen garamaklyk hem bu käriň ösmegine goşant bolýar. Bu biperwaýlyk bolsa ýurtda ahlaksyzlygyň adaty zada öwrülip barmagyna getirýär.
Çoluk Möwlamow Aşgabatly synçy. Blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.