Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Palestinalylar döwlet bolmak üçin BMG-niň goldawyny almak isleýär


Palestin resmileri BMG-den Palestinany garaşsyz döwlet diýip ykrar etmegi soramakçy bolýandyklaryny aýdýarlar. Emma Ysraýyl bu hili herekete garşydygyny duýdurýar.

Palestinanyň baş gepleşikçisi Saeb Erekat BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinden Palestinany Günbatar kenarda hem Gazada garaşsyz döwlet diýip ykrar etmegi, Günorta Ýerusalimi bolsa onuň paýtagty etmegi soramaly diýen karara gelendiklerini aýtdy.

Ysraýylyň permýer ministri Benýamin Netenýahu bu habardan soň çykyş edip, Palestinanyň bir taraply etjek islendik hereketine garşy duýduryş berdi.

Ol palestin döwleti diňe Ysraýyl bilen gepleşikler arkaly döredilip biler diýýär.
XS
SM
MD
LG