Eýranyň häkimiýetleri şol köpçülikleýin protest çykyşlaryna dahylly diýlip, tussag edilen adamlardan şu hepde bäşisiniň ölüm jezasyna höküm edilendigini tassyklady.
Eýranyň Adalat ministrliginiň 17-nji noýabrda ýaýradan beýanatynda bu adamlaryň «kontrrewolýusion hem-de terrorçylyk toparlaryna» degişli diýlip günäkärlenendikleri aýdylýar. Ýöne ölüm jezasy berlen bu adamlardan käbirleriniň 12-nji iýunda geçirilen prezidentlik saýlawlaryndan hem öň tussag edilendikleri barada maglumatlar bar.
Protest çykyşlary bilen bagly tussag edilen adamlardan ýene onlarçasyna uzak möhletleýin türme tussaglygynyň berilmegine käbir synçylar prezidentlik saýlawlary bilen baglanyşykly geljekki mümkin bolan protest çykyşlarynyň öňüni almak üçin Tähranyň ulanýan gorkuzyş çäresi hökmünde baha berýärler.
Eýranyň oppozisiýasy iýun aýynda geçirilen şol prezidentlik saýlawlarynyň netijesiniň häkimiýetler tarapyndan galplaşdyrylandygyny öňe sürüp gelýär.
Eýranyň oppozision ”Ýaşyllar hereketi” ýurduň häkimiýetleriniň demonstrasiýaçylara garşy gazaply güýç ulanmaklaryny ýazgaryp, muňa yzygiderli protest bildirip geldi.
Ýurduň baş ruhy lideri Aly Hameneýiniň prezidentlik saýlawlarynyň netijesini sorag astynda goýmaklygy «iň uly jenaýat» diýip atlandyrandygyna garamazdan, ýakynda, 4-nji noýabrda, protestçiler ýene-de Tähranyň köçelerine çykyp, Ahmedinejadyň prezident saýlanmagyna protest bildirdiler.
“Režim gorky atmosferasyny döretmek isleýär”
Waşingtonda iş alyp barýan asly Eýranly syýasy analitik Aly Afşari ölüm jezasy berlen bäş adamyň eýran hökümetiniň gorkuzyş syýasatynyň pidasyna öwrülen ýesirlerdigini aýdýar: «Režim jemgyýete kontrollyk etmek, adamlary öýlerinde saklamak, olaryň sesini sem etdirtmek we protestleriň soňuna çykmak üçin gorky atmosferasyny döretmek isleýär. Eýran bu ölüm jezalarynam diňe şol maksat üçin ulanýar».
Eýranyň Adalat ministrligi 17-nji noýabrda ýaýradan beýanatynda bu protestler bilen baglanyşykly tussag edilen adamlardan ýene 81-ne 6 ýyl bilen 15 ýylyň aralygynda türme tussaglygynyň berlendigini mälim etdi.
Geçen aý hem Eýranyň sud sistemasynyň bir resmisi prezidentlik saýlawlaryndan soňky geçirilen demonstrasiýalar bilen baglanyşykly tussag edilen başga-da üç adama ölüm jezasynyň berlendigini tassyklapdy.
Soňky türme tussaglygyna höküm edilenleriň arasynda Eýranyň reformaçy oppozision lideri, prezidentlige kandidat Mehdi Karrubiniň peýdasyna saýlaw kampaniýasyny alyp baran studentler toparynyň ozalky lideri Abdollah Momeni hem bar. Maglumata görä, oňa 8 ýyl türme tussaglygy berlipdir.
Abdollah Momeniniň syýasy egindeşi Mustafa Hosrawi Momeniniň uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilmegini şu ýylyň 7-nji dekabryna planlaşdyrylýan hökümete garşy protest çykyşlaryna studentleri gatnaşdyrmazlyk üçin hökümetiň berýän duýduryşy diýip häsiýetlendirdi. Ýöne Mustafa Hosrawi öz syýasy egindeşi Abdollah Momeni ýaly ýaşlaryň hemmesini Eýran hökümetiniň hemişelik tussaglykda saklap bilmejekdigini we Ahmedinejadyň hökümetine garşy protestleriň barybir dowam etjekdigini aýtdy.