Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mübärek Ysraýyly Ýerusalim gurluşyk plany üçin tankyt edýär


Müsüriň prezidenti Hüsni Mübärek Ysraýylyň Ýerusalimdäki gurluşyk planyny tankyt etdi.

Mübärek Müsüre sapara gelen ysraýyl prezidenti Şimon Perese bu hili hereketiň tutuş musulman jemgyýetini gazaba mündürip biljegini aýtdy.

Ysraýyl geçen hepde günorta Ýerusalimde ýene 900 jaý gurjagyny aýdypdy.

Ysraýyl ol ýeri 1967-nji ýylyň urşunda basyp alypdy. Emma palestinalylar ol ýeri özleriniň geljekki döwletiniň bir bölegi hasaplaýar.

Peres parahatçylyk gepleşikleri gaýtadan başlandan soň bu meseleleriň aradan aýryljagyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG