Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bosniýaly futbol resmileri salgytdan gaçanlygy üçin 5 ýyl aldy


Bosniýa sudy düýn ýurduň milli futbol federasiýasynyň uly resmileriniň ikisini salgytdan gaçanlygy hem wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanlygy üçin 5 ýyl azatlykdan mahrum etdi.

Futbol federasiýasynyň baş sekretary Munib Usanowiç we maliýe hem marketiň sekretary Midrag Kures salgytdan gaçmakda we federasiýanyň 2001-nji ýyldan 2005-nji ýyl aralygyndaky fondlaryny nädogry harçlamakda günäli tapyldy.

Sud olaryň 235 müň dollardan gowrak salgydy tölemändiklerini we federasiýanyň fondlaryndan bikanun 250 müň dollardan gowrak hususy girdeji edinendiklerini aýtdy.

Usanowiç we Kures türme tussaglygynyň daşyndan ýetirilen zyýany hem tölemeli edildi.
XS
SM
MD
LG