Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Saýlananlaryň real ygtyýarlyklary şübhe döredýär"


Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary institutynyň ýolbaşçysy Şirin Ahmedowa.
Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary institutynyň ýolbaşçysy Şirin Ahmedowa.

Geçen hepdäniň penşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary institutynda “Saýlawlar prosesinde halkara standartlary” diýen temadan tegelek stol geçirildi.

Eger muňa nobatdaky propagandistik çäre hökmünde garalsa, onuň ýönekeý graždanlar üçin hiç bir jähtden ähmiýeti ýok. Munuň ýaly zatlara türkmenistanlylar bireýýäm öwrenişdi, şeýle çäreler Nyýazowyň hökümdarlyk eden ýyllary köp geçirilýärdi.

Eger meseläniň özenine seretsek, saýlaw organlary sistemasy ýurda nämeler berýär, haýsy hukuklary goraýar, nämelere gözegçilik edýär, olaryň ýurduň ýönekeý graždanlarynyň bähbitlerine galtaşýan ýeri barmy?

Göräýmäge saldamly…

Hepdäniň penşenbe güni geçirilen tegelek stol daşyndan göräýmäge saldamly, möhüm ýaly bolup görünýär. Oňa Türkmenistanyň Mežlisiniň, Adalat ministrliginiň, Ýokary suduň, Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary institutynyň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Merkezi saýlaw komissiýasynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlaw komissiýalarynyň wekilleri, şeýle-de jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Göräýmäge, ýurduň dolandyryş hem jemgyýetçilik gatlaklarynyň ählisiniň wekilleri tegelek stoluň başyna ýygnanypdyrlar. Hukuk meseleleleri boýunça BMG-niň ekspert-konsultanty-da oňa gatnaşypdyr.

Gepiň gysgasy, Türkmenistan häkimiýet gurluşynda çynlakaý özgerişleriň öňünde duran ýaly bolup görünýär. Keseden seredilse, şu günki gün häkimiýetiň nähili işleýändiginden habarsyz bolsaň, onda häkimiýetiň ýokary gatlagynda ahyrsoňy düýpli özgerişler geçirmek kararyna gelnipdir diýdirýär.

Türkmenistandaky reallyklary, şu günki günüň hakyky durmuşyny deňeşdirmek bilen halkara synçylary döwletiň propaganda apparaty häzirki tegelek stol ýaly çäreleri daşary ýurtlaryň öňünde “demokratik prosesler başlandy, ol Türkmenistanda dowam edýär” diýdirmek üçin alyp göterýär diýen netijä gelýärler.

Real ygtyýarlyklar şübhe döredýär

Türkmenistanda başlandy, bar diýilýän demokratik proseslere ynamsyzlygy, şübhäni nämeler döredýär? Geňeş agzalaryndan başlap, welaýat, etrap, şäher maslahatlarynyň agzalaryna çenli saýlanan organlaryň hakyky real ygtyýarlyklary şol şübhäni döredýär.

Şu nukdaýnazardan ýurduň her bir graždany: “Eger şol saýlaw organlary düýpden ýok bolanda, ýurtda näme özgerer?” diýen soragy özüne berip biler. Ilat köpçüliginiň ykbalyna, gündelik durmuşyna degişli döwletiň çözüp bilmejek nähili meselelelrini saýlaw organlary çözýär? Welaýat ýolbaşçylary bilen welaýat geňeşiniň arasynda pikir-garaýyşlaryň çapraz düşen, biri-birine garşy duran ýeri boldumy?

Demokratiýa we Adam hukuklary institutynda geçirilen tegelek stol oňa gatnaşyjylary saýlawlar prosesindäki halkara standartlary bilen tanyşdyrmagy göz öňünde tutýardy. Şol tanyşdyrma saýlawlaryň diňe tehniki taraplary girdimi ýa-da häkimiýetiň ýerli organlary bilen ýerli deputatatlaryň ýygnaklarynyň arasynda bolan köp sanly jedellerem girdimi?

Demokratiki döwletleriň tejribesi


Demokratiýa taýdan ösen döwletlerde bu gürrüňi edilýän jedeller, çekişmeler adaty bir ýagdaý. Häkimiýetler bilen olara hasabat berme borjy bolmadyk saýlawly organlaryň arasynda gapma-garşylyk, konflikt häli-şinde ýüze çykyp durýar. Şonuň üçinem deputatlaryň iň esasy missiýalarynyň biri häkimiýetleriň alyp barýan işlerine hem olaryň kanunlary berjaý edişine kontrollyk etmekdir.

Türkmenistanyň Geňeşlerinde şonuň ýaly funksiýa, ygtyýarlyk barmy? Şu günki gün türkmen häkimiýetleri ähli derejelerdäki türkmen deputatlaryna, partlamentçilerine şeýle ygtyýarlyklary bermäge taýýarmy?

Her bir türkmenistanlynyň öz wekillerini näme üçin saýlaýandygyny bilmek hukugyny haçanam bolsa türkmen häkimiýetleri göz öňünde tutmaly bolar.

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG