Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gurban Berdiýewe “Al-Fahr” baýragy gowşuryldy


30-njy noýabrda gurnalan dabarada, Orsýetiň Müftiler geňeşi Kazanyň “Rubin” futbol komandasynyň tälimçisi Gurban Berdiýewe “Al-Fahr” baýragyny gowşurdy. Bu barada Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Tatar-Başgyr gullugy habar berýär.

Gurban Berdiýewiň liderligindäki “Rubin” komandasy Orsýetiň iki gezek çempiýony bolmagy başardy.

Asly Türkmenistandan bolan Gurban Berdiýew, Moskwanyň Metropol restoranynda gowşurylan bu baýragyň diňe özüne däl-de, tutuş Tatarystan respublikasyna, “Rubin” komandasyna we onuň janköýerlerine degişlidigini aýtdy.

Türkmenistana dolanyp barmak niýetleri barada Azatlyk Radiosynyň soran soragyna, Gurban Berdiýew, tatar prezidenti Mintimer Şaýmiýewiň we özüniň “Rubin” komandasynyň dargamagyny islemeýändigini aýtdy, emma ol bu soraga anyk jogap bermegiň kyndygyny hem sözüne goşdy.

Gurban baýramçylygy mynasybetli gurnalan dabara Russiýa Ferderasiýasynyň resmi Yslam liderleri, Döwlet dumasynyň deputatlary we beýleki resmiler gatnaşdylar.

Bu dabara Orsýetiň paýtagty Moskwada her ýyl geçirilýän şeýle çäräniň dördünjisidir.
XS
SM
MD
LG