Slowakiýanyň mediasy premýer-ministr Robert Fitsonyň atylyp, ýaralanandygyny habar berýär.
Maglumata görä, bu waka Bratislawanyň daşynda, premýer-ministriň hökümet mejlisini geçireninden soň ýüze çykypdyr. Hüjümçi wakanyň bolan ýerinde polisiýa tarapyndan saklandy.
Fitsonyň nä derejede ýaralanandygy barada bada-bat maglumat bolmady. Ol keselhana äkidildi.