Ýurda getirilýän köne maşynlaryň kysymy, esasan «Toýota», «Opel», «BMW» bolup, olaryň öndürilen ýyllary dürli-dürli. Hatda 1995-nji ýylda öndürilen maşynlara hem duşmak bolýar.
Maşynyň ýyly näçe köne boldugyça, onuň nyrhy-da arzan bolýar. Şol sebäplem ýurduň ilaty arzan awtoulaglary edinmäge juda höwesek.
Arzan awtoulaglaryň soňky 6 ýylyň dowamynda ýurduň çägine juda köp getirilýändigi sebäpli, paýtagtyň köçelerinde maşynlaryň agdyklygyndan ýaňa ýygy-ýygydan ýol dykynlary döreýär.
Ýurduň hökümetiniň 2000-nji ýyldan öň öndürilen maşynlaryň Türkmenistana getirilmegine gadagançylyk girizmek baradaky kararyna resmi düşündiriş berilmeýär.
Köne maşynlary getirip satýan telekeçiler Türkmenistanyň gümrük gullugunyň 2000-nji ýyldan öň öndürilen maşynlary serhetden ýurduň çägine eýýäm goýbermän başlandyklaryny aýdýarlar.
Agzalýan çäklendirmeleriň giriziljekdigi baradaky habarlar il arasynda ýaýrap başlanyndan soň, 2000-nji ýyldan öň öndürilen awtoulaglaryň bahasy az kem ýokarlanyp başlady. Sebabi öndürilen ýyly täze bolan awtoulaglary satyn almaga her kimiň gurby çatanok.
Teswirleri gör (2)
Has köp teswir ýükle