Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kommunizmiň dargamagyndan soňky Mongoliýa


Mongoliýanyň demokratiýa tarapdary lideri Saanjasuren Zorig (ortada gözlükli) we ýurduň häzirki prezidenti Tsakhiagiin Elbegdorj 1990-njy ýyllardaky demonstrasiýalar wagtynda Ulan Batoryň merkezindäki Sukhbaatar meýdançasynda.
Mongoliýanyň demokratiýa tarapdary lideri Saanjasuren Zorig (ortada gözlükli) we ýurduň häzirki prezidenti Tsakhiagiin Elbegdorj 1990-njy ýyllardaky demonstrasiýalar wagtynda Ulan Batoryň merkezindäki Sukhbaatar meýdançasynda.

1981-nji ýylda 17 ýaşly Sanjaasuren Oýun geologiýa boýunça ýokary ylym almak maksady bilen Mongoliýadan Çehiýanyň paýtagty Praganyň Çarlez uniwersitetine girmegi başarypdy.

1980-nji ýyllarda ýüzlerçe ýaş mongollar ozalky SSSR-e we Gündogar Ýewropanyň beýleki döwletlerine okuwa gaýdypdylar, Oýun-da şolaryň biridi. Edil şol döwürde bolsa olaryň okuwa baran ýurtlarynda demokratik hereketler başlanypdy.

Oýun häzir Mongoliýanyň parlamentiniň deputaty, ol şol günleri ýatlap, şeýle diýýär: «Meniň doganym Zorig Moskwanyň Döwlet Uniwersitetinde “ylmy kommunizm” ugrundan okuwyny tamamlady, kommunistik ideýalary bilen onuň beýnisi doldurylan, ol soňra Mongoliýa gelip, kommunizmden sapak bermegi maksat edinipdi, bu ideýalar bilen ýurda dolanyp gelende, jemgyýet eýýäm başga düzgüne geçipdi.»

1921-nji ýylda Mongoliýa Sowet Soýuzyndan soňra dünýäde ikinji kommunistik döwlete öwrülipdi. Demokratiýa geçiş prosesi bolsa 1989-njy ýylyň 10-njy dekabrynda başlandy, başgaça aýdylanda, Adam Hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynyň kabul edilen gününe gabat gelipdi.

Şol gün Saanjasuren Oýunyň dogany Saanjasuren Zorig 200 çemesi aktiwisti bilen bilelikde demokratiýanyň tarapdary hökmünde parahatçylyky ýöriş bilen paýtagt Ulan Batyryň Sukhabator meýdanyna ýygnanyşypdylar. Demonstrasiýalar dura-bara güýçlenip, oňa on müňlerçe adam - studentler, alymlar, magdan känleriniň işgärleri we dürli taýpalaryň ýolbaşçylary goşulýar.

Kommunistik režimiň dargaýşy

1990-njy ýylyň 9-njy martynda Mongoliýanyň kommunistik režimi dura-bara dargamak bilen boldy. Demokratiýanyň tarapyny tutup, Zorig Sukhabator meýdanynda ýygnanan halka ýüzlenip, çykyş etdi.

Dünýäniň käbir döwletlerinde geçiş döwri ganly wakalar bilen hemra bolýan bir wagtynda Zorig we demokratiýanyň tarapdarlary bolan beýleki liderler üç aýlap dowam eden protestlerde adamlary parahatçylyga çagyrdylar. Ahyrsoňy 70 ýyllap dowam eden komunistik düzgün howpsuzlyk güýçleri tarapyndan ýekeje ok atylmazdan dargady.

Erkin geçirilen saýlawlaryň netijesinde ilkinji gezek demokratlar parlamente girmegi başardylar. 1996-njy ýyldaky saýlawlardan soňra bolsa Demokratik partiýa kommunistleriň elinden parlamentdäki köplügi aldy. Konistitusiýada bazar ykdysadyýetine geçişe rugsat berýän madda girizildi. Mekdeplerde rus dili ýatyrlyp, buddistleriň ybadathanalary dikeldildi, taryh bolsa gaýtadan ýazyldy.

Görelde alarlyk nusga

Mongoliýada bu parahatçylykly geçiş regionyň ýeňşi hökmünde gutlanyldy we Merkezi Aziýanyň awtokrat düzgünlerine görelde alarlyk nusga boldy. Ýöne New Ýorkuň Kolumbiýa uniwersitetinde Mongoliýanyň taryhyndan sapak berýän Morris Rossabi, Sowet agalygyndan halas bolmak üçin baha tölenendigini aýdýar.

Uzak wagtlap sowet subsidiýalaryna bagly bolan Mongoliýa SSSR dargandan soňra, birbada bu döwletiň partnýorsyz galmagyna getirdi diýip, Rossabi sözüne goşýar: «Mongoliýanyň söwdasy we bu ýurtda maýa ýatyrmak işiniň 90%-ni Sowet blogy üpjün edýärdi. Sowet Soýuzy dargandan soňra olar halkara maliýe edaralaryna ýüzlenmeli boldular, halkara guramlar bolsa, munuň döretjek netijelerine garamazdan, derhal hususylaşdyrmagy öňe sürdüler, şonuň netijesinde-de häzir Mongoliýada işsizlik, inflýasiýa we garyplyk ýokary derejä ýetdi».

Halkara pul fondy, Aziýanyň ösüş banky we Bütindünýä banky Mongoliýa ymykly aralaşdylar we Mongoliýada hem ykdysady reformalary geçen asyryň 90-njy ýyllarynda ozalky sowet respublikalarynyň alyp baran görnüşinde alyp barmagy talap etdiler.
XS
SM
MD
LG