Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rişad Şafiniň hatyrasyna


Rişad Şafi Moskwadaky "Moda hepdeliginde" çykyş edýär, 24-nji oktýabr, 2009-njy ýyl.
Rişad Şafi Moskwadaky "Moda hepdeliginde" çykyş edýär, 24-nji oktýabr, 2009-njy ýyl.

Ynsan bolsaň ynanar ýaly däl, Ezraýyl bolsaň dözer ýaly däl. Erkek bolsaň aglamagam gelşiksiz, adam bolsaň aglamanam bolanok.

Her gezek bir dostumyz kemelende, ömrümiziň esli bir bölegi gaýadan gopan daş kimin aşaklygyna gaýdýar. Dostlaram yz-yzyna şol gidip otyr, gidip otyr. Biri altmyşa ýetmän gitse, beýlekisi ellä ýetebilmän armanly gözlerini açyp gidýär. Eliňden gelýän zat hem ýok. Ne ornuna gidip bolýar, ne gapdalynda süýnüp. Dine Imanyň hemra bolsun, jaýyň jennetiň töri bolsun diýip dileg edäýmek hem şahyr Gurbannazar Eziziň: Diriler gezip ýör gysyp dişlerin, Ölenleň ölmüne sebäpkär ýaly diýen setirlerini ýatlaýmak galýar.

Gowy habar adamy ýüzlenme belgisi ýaly dikeltse, şum habar ony sorag alamaty deýin epäýer eken.

Gujur-gaýraty otda galan süýt kimin çogup duran, basan ýerinden ot hem owaz çykyp duran, rus žurnalisti Dmitriý Dibrow aýtmyşlaýyn Dünýäde deňi-taýy bolmadyk deprekçi hökmünde uzak ýyllaryn dowamynda birinji nomer bilen tanalan Rişad hem elli ýedi ýaşynda dunýesini täzeledi.

Rişad ölmedi, Rişad ýogalmady. Rişad wepat boldy. Janyny sähelem gaýgyrmady. Ukyny harama çykaryp, gijesini gündiz edip işledi. Täze proýektler, täze programmalar – bary deprek deýin gürs-gürs uran gursagyň oslagsyz togtamagy bilen gitdi.

Rişadyň ýatlamalaryndan bir parça:

Düýnki ýaly ýadymda, eýýäm bäş ýaşymda saksofon, klarnet, goboý ýaly saz gurallaryny öwrenmäge uly höwesim bardy. Dabaraly baýramçylyklaryň birinde dep çalyp oturan sazandany görendirin, ýumruk ýaly kellede başga arzuw galan däldir. Ahyrsoňy pionerleriň deprejigini alyp berdiler. Öýdäkiler beýlede dursun, goňşy-golamy hem goşa taýajygyň güpürdisi bilen agşam ýatyryp, irden örüzendirin.

Hawa, ýigrimi ýyllap Güneş ansamblynyň parlawuk şöhlesi bolan jadygöý soňabaka örüsini has giňeldip, tutuş studiýasy bilen özüni Moskwanyň gujagyna oklady.

Onuň näme üçin Aşgabady terk edýändigi bilen uly zehinlere biperwaý garap ugran Medeniýet ministrligi, telewideniýe hem radio komiteti gyzyklanjagam bolmandy. Rişadyn öz sözi bilen aýtsak: Ministr Aşyr Mämili hem Teatrlar uprawleniýesiniň naçalnigi Begi Suhan hem – Bizden gowyny tapýan bolsaň, hanha ýolun! -- diýdiler.

Rişadyn jogaby nagt bolan: Sizden gowyny taparynmy, tapmarynmy, belli däl, ýöne sizden erbediň ýokdugyny welin arkaýyn aýdyp biljek.

Dogrusy, häzir Amerikada ýaşaýan, Turkmen döwlet filarmoniýasynyň 80-nji ýyllardaky çeper ýolbaşçysy Ben Isakow, Rişad Şafiýew üçimiz saçakly gatnaşdyk diýsem ýalançy, ýöne edara bolsun, kafe ýa restoran bolsun, Rişadyň degişmedir ýomaklaryna içimizi tutup, türkmen aýtmyşlaýyn çorba sowadyp gülerdik.

Biziň salam-heligimizem özboluşlydy: bir-birimiziň saglyk-amanlygymyzy sakalymyzdan çalarak tutup soraşardyk. Dost-ýarymyzyň aglabasy bize Uç sakal diýip at goýupdy.

Rişadyň in uly arzuwy – indiki ýyl Güneş ansamblyny döreden toparyň 40 ýyllyk ýubileýiniň baýramçylygyny bellemekdi. Ýöne, ýene şol arman-arman...

You Tube’da Rişadyň goýup giden baý mirasynyň esli böleginiň ýerleşdirilenini aýtmagy makul gördük.

Şu ýerde öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG