Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeşmeler

Duşenbe 21 Sentýabr 2020

Aşgabat. 1941-1945-nji ýyllaryň Urşunda wepat bolanlaryň ýadygärligi

Atyjylyk rotalaryndan, öň hatardan diňe az sanly adam gaýdyp geldi, olary hiç kim tanamaýar we telegepleşiklere çagyrylmaýar, eger-de olardan haýsydyr biri uruş hakda bir zat aýtmak kararyna gelse, onuň agzyny sypaýyçylyk bilen ýumdurýarlar.

Azatlyk radiosy, türkmen dilindäki maglumat boşlugynyň öwezini belli derejede doldurmaga synanyşyp, 1941-1945-nji ýyllarda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanda onlarça ýyl mundan öň bolan uruş baradaky hakykatlaryň hem köplenç açylman saklanmagyna, şol bir wagtda bu hakykatyň rus edebiýatynda açylyşyna gysgaça syn etmegi makul bildi.

Türkmen-sowet edebiýaty we sungaty sowet ýyllarynda uruş temasyna, türkmen esgerleriniň hem gatnaşan we wepat bolan, maýyp ýa belli bir derejede sagat gaýdyp gelen Beýik Watançylyk urşy diýilýäne diňe döwlet senzurasynyň rugsat berýän derejesinde çemeleşdi we soňky otuz ýyla golaý döwür hem bu meselede kän täzelik getirmedi.

Netijede, hakykatda bolan we uruş weteranlarynyň öz juda ynanýan adamlary bilen paýlaşan ýatlamalarynda galan aýylganç wakalar, şol sanda sowet-bolşewik dolandyryşynyň uruş döwründe watan goraýan esgerlere garşy ulanan ýowuz çäreleri köplenç halk köpçüligine ýetmän galdy.

Ýöne şol agyr günler Ýüzüni açan ejiz diýen milleti ýeňeris haçan?
G.Ezizow


Döwlet senzurasynyň saklanyp galmagy türkmen edebiýatyna we sungatyna post-sowet giňişligine SSSR ýykylandan soň gelen erkinligiň hem gelmeginiň öňüni aldy diýip, türkmenistanly edebiýatçy anonimlik şertinde gürleşende aýtdy.

Onuň pikiriçe, rus dilinde peýda bolan soňky eserlerden bihabar galan ýaşlar häzir 75 ýallygy bellenilýän ýeňşiň arkasynda ýatan uly betbagtçylygy kän göz öňüne getirip bilmeýärler.

Ýerli synçylaryň tassyklamagyna görä, rus dilinde uruş temasyndan çap edilen täze kitaplary okamadyk, täze kinolary görmedik, soňky ýyllarda guralan täze tele-radio gepleşikleri diňlemedik halatynda, türkmenistanlylaryň uly nesli uruş hakykaty babatynda köplenç täze maglumat alyp bilmedi we 1941-1945-nji ýyllarda bolan zatlar barada henizem şol öňki sowet propagandasynyň dar çäginde galýar, täze nesil bolsa köplenç ulularyň bilýänini hem bilmeýär.

Tanymal şahyr Gurbannazar Ezizowyň uruş temasyndan ýazan täzeçe goşgulary öz wagtynda okyjylar tarapyndan örän gowy garşylandy, sebäbi ondan öňki çemeleşmeler köplenç has ýöntem bolupdy, ýogsa Nurmyrat Saryhanow, Durdy Haldurdy, Nurberdi Pomma, Şaly Kekilow, Hajy Ysmaýylow, Aşyr Nazarow, Seýitnyýaz Ataýew, Atda Durdyýew ýaly ýazyjy-şahyrlar hem bu tema ýüzlenipdiler, olaryň käbir eserleri mekdep programmalaryna hem girizilipdi.

Ýöne eýýäm 1980-nji ýyllaryň başynda, Maksim Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýazyjy-şahyrlar bilen studentleriň duşuşygy gurnalanda, ýazyjy we şahyr Berdinazar Hudaýnazarow uruş temasyndan ýazylan ýöntem, düýpden ynandyrmaýan eserleri ýaňsylap, studentleri güldürýärdi diýip, şol wagt student bolan edebiýatçy ýatlaýar.

Indi edebiýatçylaryň köpüsiniň boýun almagyna görä, sowet döwründe çap edilen eserlerde hiç wagt durmuş hakykaty, taryh doly we dogruçyl beýan edilmeýärdi we olar köplenç okyja ýarym hakykat ýa-da hakykatyň doly tersini teklip edýärdi. Sebäbi ol döwürde eserleri çap edilýän ýazyjy-şahyrlar kommunistik partiýanyň tabşyrygyny ýerine ýetirip, eklenç edýärdiler, hakykata hyzmat etmek synanyşygy ýaly töwekgellige baş goşmakdan örän çekinýärdiler.


1940-njy ýylda doglan we 1975-nji ýylda ýogalan, şol bir wagtda 1960-njy ýyllarda, Iosif Stalin ýogalyp, Nikita Hruşewiň maýylganlyk döwri diýilýände edebiýata gelen ýaş şahyr Gurbannazar Ezizow, uruş weteranynyň ogly, uruş temasyna biraz başgaça, şahyrana göz we ýürek bilen çemeleşmäge çalyşdy, ýöne sowet ideologiýasynyň çygyrlaryndan kän çykyp bilmedi diýip, synçy belledi.

Elbetde, 35 ýaşynda ýogalan şahyrdan bu hili uly zada garaşmak mümkin hem däldi diýip, ol aýtdy.

G.Ezizowyň käbir goşgularyna gysgaça nazar aýlalyň.

Şahyr "Ballada" atly goşgusynda Italiýada wepat bolan türkmen esgeriniň - Jumadurdy Sabyrowyň ykbalyna ýüzlenýär.

"Sag bol, ene mekan, süýt emen ýerim,
Aglama, ene jan, gaýdyp gelerin.
Süpür gözýaşyňy, bes et ahyňy,
Il üçin dogrupdyň, düşün ahyry.
Döşüni paralap duşman güllesi,
Watan howp astynda durýan pillesi,
Merdem bol, ene jan, bes et ahyňy,
Men halkyň perzendi, düşün ahyry!
Tämizläp duşmandan mukaddes ýerim,
Sag-aman ýanyňa gaýdyp gelerin!"

Emma "gijeler söweşen, gündiz söweşen, Kiýewi eýeläp, Karpatdan geçen" esger gaýdyp gelmeýär, italiýan topragynda nemes goşunlary tarapyndan ýesir alynýar we atylyp öldürilýär.

"Soňra Ajal münüp gülläň gerşine,
Ýigidiň erkini alýar durşuna.
Asman gözýaş döküp, güýçli ýel ösýär,
Italiýa türkmeni bagryna basýar."

1941-1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolanlaryň hatyrasyna dikilen ýadygärlik.
1941-1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolanlaryň hatyrasyna dikilen ýadygärlik.

Esgeriň ölümini başardygyndan ideallaşdyrmaga çalşan şahyr soň onuň ejesine göwünlik berýär:

"Ol kyrk üçden turup gaýtmak isledi,
Seniň çal başyňy sypamak üçin.
Ýolagçy otly ýok, komandirowka ýok.
Kyn...Bagry bilen süýşüp geljegem boldy.
Nätjek, şol kyrk üçden sypyp bolanok.
Sen ogluňdan gaty görme, ene jan, Gelip bilenok."

Ezizowyň "Uruş" atly goşgusynda bolsa, tylda uzak gün çörek nobatyna durup, maşgalasynyň çörek paýyny alyp gelýän alty-ýedi ýaşly oglanjygyň elinden çöregini alýan talaňçy barada gürrüň edilýär we birbada uruşda hökman ýeňiş gazanyljakdygy baradaky optimistik äheňden jogapsyz soraga geçilýär:

"Başa düşen synagyň kynlygna bakman,
ynanýarys: urşy ýeňeris hökman.
Ýöne şol agyr günler
Ýüzüni açan
ejiz diýen milleti ýeňeris haçan?"

"Gödek soldat" ýa-da esger ýaryna garaşan, emma ol gelip, ýanynda ýatanyndan soň onuň diridigine ynanyp bilmedik gelin hakyndaky goşgulary hem Ezizowyň uruş temasyna özünden öňkülerden has başgaça çemeleşmek isländigini tassyklaýar.

Ýöne muňa garamazdan, "Watan üçin baş goýýarlar ogullar, Bärde enelermiz galýarlar ýetim" diýip ýazan şahyr uzaga gitmän, "Soldat ýüregi" goşgusynda ýene urşy ideallaşdyrmaga, sowet propagandasynyň dar çygryna dolanyp gelýär.

Düşnükli bolar ýaly, bu goşgyny hem bilelikde okalyň:

"Ol beýik Wolganyň sag kenaryndan
Alymlar tapdylar kaska, ýaragy,
Gapdalynda şindi ýere siňmedik
Ýatyrdy soldatyň urýan ýüregi.
Emaý bilen gazyp alyp gudraty,
Üýşdüler daşyna hersi bir ýerden.
Bu eziz howadan dem alan ýürek
Adam sesi bilen gürledi birden.
«Bu jepaly ýer astynda
Ýürek gaty kän.
Buýruk ýerne ýetirildi,
Ýoldaş kapitan!"

Şahyryň Asatur aga goşgusynda bolsa, uruşda aýagyny aldyryp gelen esgeriň parahatçylykdaky ädikçi durmuşy suratlandyrylýar, ýagny goşguda uruşda aýagyny aldyran gojany "her gün müňläp aýagyň öýüne eltýändigini" görýäris.

Şeýle-de şahyr uruşda hemmeleriň ölmeýändigini, ondan gaýdyp gelenleriň hem bolýandygyny belleýär we, megerem frontçy kakasynyň mysalynda akyl ýetirendir, Ezizowa çenli türkmen edebiýatynda kän görünmedik "günäkärlik" duýgusyna ünsi çekýär:

"Ýöne uruşlaryň bir kadasy bar,
Ol gaýdyp gelene bermez karary:
Diriler gezip ýör, gysyp dişlerin,
Ölenleň ölmüne sebäpkär ýaly."

Bu ýagdaý, ölenleriň ölümine günäkärlik meselesi türkmen edebiýatyna garanda, rus edebiýatynda, hususan-da urşy öz gerdeninde çeken frontçy ýazyjylaryň eserlerinde has giňden we çuňňur işlenene meňzeýär.

Elbetde, türkmen ýazyjy-şahyrlary 1941-45-nji ýyllaryň urşuny, onda gazanylan ýeňşi ideallaşdyrmakda şol wagtky "uly dogandan" – rus edebiýatyndan we sungatyndan görelde alypdylar.

Emma rus edebiýatynda, türkmen sowet edebiýatyndan tapawutlylykda, ýöntem propaganda garşy içerki gaýtawul hem saklanyp galýardy we bu ýagdaý soňky ýyllarda çykan eserlerde has hem görnetin ýüze çykdy.

Mysal üçin, häzir N.N.Nikuliniň "Uruş hakyndaky ýatlama" eserini internetde audiokitap görnüşinde mugtuna diňlemek hem mümkin. Onuň başynda iki sany esgere uruş başlanmanka, rugsatsyz garyndaşlaryňyzy görmäge gidipsiňiz diýip atuw berlişi, beýlekileriň gözüniň oduny almak üçin iki sany ýaş esgeriň keýpine diýen ýaly öldürilişi hakynda gürrüň berilýär.

"Uruşda bolşewikler gurluşynyň namartlyklary has-da aýdyň ýüze çykdy. Parahatçylyk döwründe iň zähmetsöýer, dogruçyl, akylly, işjeň we paýhasly adamlaryň tutulyp-basylyşy we jezalandylryyşy ýaly, frontda hem edil şol bir zatlar gaýtalandy, ýöne bu has aç-açan we zoňtar, ýigrenji görnüşde edildi" diýip, Nikulin ýazýar.

"Mysal getireýin. Ýokardan beýikligi almak hakynda buýruk gelýär. Polk diýlen beýikligi almak üçin hepde yzyna hepde hüjüm edip, köp adam ýitirýär. Adam gytçylygy ýok, ölenleriň ýeri arakesmesiz diýen ýaly doldurylýar. Ýöne olaryň arasynda Leningraddan gelen, çişen distrofikler hem bar, lukmanlar olara sähel wagt öň üç hepdeläp düşekde ýatmak we gowy naharlanmak tabşyrygyny beripdir. Olaryň içinde 1926-njy ýylda doglanlar, ýagny entek goşuna alynmasyz oglanlar, on dört ýaşly ýetginjekler hem bar... "Öňe!!!" we bolany..."

1941-1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolanlaryň hatyrasyna dikilen ýadygärligiň ýanynda
1941-1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolanlaryň hatyrasyna dikilen ýadygärligiň ýanynda


"O taýda, beýiklikde betondan buky bar! Bizde bary-ýogy 76 mm-lik kiçijik top bar! Ol beton bukyny böwsüp bilmeýär!" ... Şobada syýasy ýolbaşçy, SMERŞ we tribunal ara goşulýar. Her bölümde näçe diýseň tapylýan şugullaryň biri şaýatlyk edýär: "Hawa, ol esgerleriň ýanynda biziň ýeňjekdigimize şübhe bildirdi. Taýyn görnüşdäki blankany alyp, derrew adam adyny ýazmaly ýerini doldurýarlar we hemme zat taýýar: "Hataryň öňünde durzup atmaly ýa-da jeza rotasyna ibermeli!" Bularyň ikisem bir zat. Şeýlelikde, jemgyýet öňündäki jogapkärçiligini duýýan iň dogruçyl adamlar öldi. Galanlary – "Öňe, hüjüme!" diýen buýruga tabyn boldy" diýip, frontçy ýatlaýar.

"Bolşewikleriň alyp bilmejek galalary ýok!" diýýärdiler. Emma nemesler gowy garym gazyp, garymlaryň we bukularyň giden ulgamyny döretdiler, bar-da, alybilseň al göreýin. Biziň esgerlerimizi manysyz gyrgyna berdiler" diýip, professor, Orsýetiň çeperçilik akademiýasynyň habarçy agzasy, Ermitažyň öňdebaryjy ylmy işgäri Nikolaý Nikuliniň "Uruş hakyndaky ýatlama" eserinde aýdylýar.

Ol urşy birinden eşiden däl, onuň içinden geçen adam, "Edermenligi üçin", “Leningradyň goragy üçin”, “Warşawanyň azat edilmegi üçin”, “Berliniň alynmagy üçin" we beýleki medallary bar.

Bu uruş hakda gaty köp ýalan sözlediler, onuň bilen baglanyşykly ähli zady bulaşdyrdylar, netijede toslanan uruş hakyky urşuň, bolan zatlaryň üstüne kölege saldy.
Wiktor Astafýew


1941-45-nji ýyllaryň urşunyň ýene bir esasy sene ýazyjysy bolsa Wiktor Astafýew, ol 1942-nji ýylda meýletin fronta gidýär. Onuň "Näletlenen we öldürilen" romany, rus edebiýatçylarynyň ýazmagyna görä, sowet ideologiýasynyň-da, häzirki ideologiýanyň-da çygryna sygmaýar we "syýasy taýdan nädogry" eser bolup durýar.

Bu eser soňky 70 ýylda uruş hakynda ýazylan iň dogruçyl, iň inçe we aýdyň çeper eserleriň biri hasaplanýar.

Uruş hakynda, islendik uruş hakynda ýazmak gaty kyn iş, hatda mümkin däl diýen ýaly. Ýöne geçen uruş hakda ýazmak has-da kyn, sebäbi adamzat taryhynda hiç haçan we hiç ýerde beýle aýylganç we gandöküşikli söweş bolmandy" diýip, Astafýew söhbetdeşlikleriň birinde aýdypdyr.

"Bu uruş hakda gaty köp ýalan sözlediler, onuň bilen baglanyşykly ähli zady bulaşdyrdylar, netijede toslanan uruş hakyky urşuň, bolan zatlaryň üstüne kölege saldy" diýip, ol ýalanyň diňe kitaplarda we uruş taryhy boýunça ýazylan ýazgylarda däl, eýsem köp adamyň hakydasynda hem urşuň aslynda bolşundan has owadan, gahrymançylykly, şöhratly keşbini döredendigini aýdýar.

"Biziň partiýamyz bolsa, uruş baradaky ýalan ýazgylaryň esasy toslaýjysy we üpjünçisi" diýip, Astafýew bu ýalanyň arkasynda duran esasy güýjüň kimlerden we nämeden ybaratdygyny hem açyk aýdypdyr.

Onuň pikiriçe, "Geçen uruş hakynda ýalan sözleýänler geljekki urşy ýakynlaşdyrýar".

Belki-de uruş hakynda hiç zat gürlemeli, aýtmaly däldir? Frontçy ýazyjynyň bu mesele öz berk pikiri bar: "Gahrymançylykly urşy görkezmek gerek däl, onuň bilen gorkuzmaly, sebäbi uruş aýylganç zat. Adamlara, ýatlaryndan çykarmaz ýaly, hemişe uruş hakynda ýatladyp durmaly" diýip, ýazyjy indi taryha öwrülen söhbetdeşlikleriniň birinde aýtdy.

Şeýle-de ol uruş hakyndaky ähli hakykaty diňe hudaýyň bilýän bolmagynyň ahmaldygyny belleýär.

"Biziň halkymyz aglaba ony bilmeýär we, belki-de, bilmek hem islemeýär, sebäbi bu gaty gorkunç we ýigrenji, ýadaw rus halky üçin, esasanam hakyky söweşijiler üçin bu gaty agyr, bu tap getirerden, götererden agyr hakykat" diýip, Astafýew aýdypdyr.

Edebiýatçylar 1989-njy ýylda Sosialistik zähmetiň gahrymany diýen at berlen, ençeme gezek döwlet sylaglary bilen sylanan Astafýew köşk ýazyjysy boldumy ýa-da dissident diýen soragy hem orta atýarlar. Aýdylmagyna görä, ol kulakçylyga çekilen sibir daýhanynyň maşgalasyndan çykypdy, hiç wagt partiýanyň agzasy bolmandyr, kitaplarynda bolsa hiç wagt häkimiýete söýgi alamatlaryny görkezmändir.

Frontçy ýazyjylaryň ýatlamalarynda aýdylmagyna görä, uruşdan soňky ýyllarda ýazyjylaryň uruş hakda ýazan eserleri köplenç neşirýatdan göni Döwlet howpsuzlyk komitetine geçirilipdir we ol ýerden kän yzyna gaýdyp gelmändnir.

Wiktor Astaýfew uruş hakyndaky baş eserini, "Näletlenen we öldürilen" romanyny 1990-njy ýyllarda ýazýar. Ýogsa onuň golýazmasy sowet häkimiýetleriniň eline düşüp, asyr tamam bolýança ýagtylyga çykman ýatmalydy, çünki onda düýpden başga uruş görkezilýärdi, öran hapaçylyk we gan kändi, adam aňynyň götermejek urşy hakynda gürrüň edilýärdi diýip, rus edebiýatçysy Petr Morgunowyň makalasynda aýdylýar.

Men uruşda ömürlik ýaralandym, häzire-bu güne çenlem wepat bolan ýoldaşlarymy... düýşümde görýärin, men urşy ýigrenýärin.
Bulat Okujawa


Rus edebiýatyndan türkmen edebiýatyna dolansak, frontçy ýazyjy Seýitnyýazow Ataýew 1990-njy ýyllarda uruşda, iki tarap naýzalaşma, ýumruklaşma söweşinde girende bogup öldürmeli bolan duşman esgerleriniň peträp çykyp gelýän gözlerini şindem düýşünde görýändigini gürrüň berýärdi.

Bu ýagdaýy tanymal şahyr Bulat Okujawanyň ýatlamalarynda hem görse bolýar.

"Men uruşda ömürlik ýaralandym, häzire-bu güne çenlem wepat bolan ýoldaşlarymy... düýşümde görýärin, men urşy ýigrenýärin" diýip, ol aýdypdyr.

Şeýle-de ol özüniň ýaşlykda "örän sowet adamy" bolandygyny, urşa meýletin gidendigini, faşizme garşy söweşden aman galyp, yzyna dolanyp gelenden soň köp zada täzeden seredendigini we birden "faşizm" sözüni aýyrsaň, Germaniýa bilen Sowet Soýuzynyň bäsdeşlik esasynda urşan şol bir sistemadaky iki döwlet bolýandygyna düşünendigini gürrüň berýär.

"Iki sany totalitar sistema. Elbetde, diňe daşky tapawutlary bardy. Ol ýerde swastika, bärde orak we çekiç. Ol ýerde gazaply fýurer, bärde ähli halklaryň genial serdary bardy. O taýda ýewreýleri açyk ýigrenýärdiler, bärde ýewreýleri söýýäris diýip gygyryp, ýuwaşlyk bilen öldürýärdiler. Ine, şu tapawut bardy" diýip, Okujawanyň uruş ýatlamasynda aýdylýar.

"Prinsipde, iki sany birmeňzeş sistema çaknyşdy. Elbetde, men muňa uruşdan soň, has soňra düşünip başladym. Şu sebäpden men bu gyrgynçylygy beýik uruş diýip atlandyrmagy oňlamaýaryn, bu gelşikli däl, gyrgynçylyk beýik bolmaýar" diýip, kakasy we agasy, daýysy we daýzasy 1937-nji, 1939-njy we 1940-njy ýyllarda atylyp öldürilen Bulat Okujawa aýdypdyr.

Şeýle-de, geçen uruş baradaky hakykat frontçy ýazyjy Aleksandr Şumiliniň eserlerinde giňden we çuňňur açylýar, ol uruşda bäş gezek ýaralanýar we 1983-nji ýylda ýogalmazyndan öňki soňky ýatlamasynda köp adamyň uruş hakynda juda ýüzleý pikirlenýändigini, olaryň urşy görmedik, oňa gatnaşmadyk adamlar tarapyndan ýazylan kitaplar, eşitmiş adamlar tarapyndan düşürilen kinolar bilen aldawa salynýandygyny aýdýar.

"Bolmanda Konstantin Simonowyň uruş hakyndaky romanlaryny alyp göreliň. K.Simonowyň özi hiç wagt urşy görmedi, oňa gatnaşmady, ölümiň gözüne göni seretmedi" diýip, Şumilin ýazýar we uruşdan onlarça kilometr uzakdaky adamyň ol hakynda näme aýdyp biljekdigini, urşy görmedik adamlaryň uruş hakynda düşüren kinolaryny sorag astyna alýar.

"Uruş – bu janly, duşmana, ölüme, bakylyga tarap ädilen ynsan ädimi. Bu ak garyň ýüzündäki gyrmyzy gan, ýiti we heniz dökülmesi kesilmedik gan. Bu ýaz çykýança jaýlanmajak jesetler..." diýip, frontçy urşuň örboýuňa galyp, gözüň açyk halda ölümi garşylamak üçin ädilen ädimdigini hem sözüne goşýar.

Mundan başga, ol urşuň diňe gandöküşlik hem däldigini, hemişe açlyk-horlukdygyny, çekip-çydap bolmajak, içiňden geçip sowukdygyny, doňaklykdygyny hem ýatladýar.

Uruş diňe gürrüňi edilmeýän zatlar, sebäbi ony bilmeýärler. Atyjylyk rotalaryndan, öň hatardan diňe az sanly adam gaýdyp geldi, olary hiç kim tanamaýar we telegepleşiklere çagyrylmaýar, eger-de olardan haýsydyr biri uruş hakda bir zat aýtmak kararyna gelse, onuň agzyny sypaýyçylyk bilen ýumdurýarlar diýip, ýazyjy aýdýar.

Türkmenistanda diňe frontçylar däl, eýsem syýasatçylar, taryhçylar, professorlar hem geçen uruş hakyndaky hakykatlary açmak, bu urşa täze faktlar esasynda, internetde peýda bolan maglumatlar nukdaý nazaryndan seretmek synanyşygyny etmeýärler ýa bu synanyşyklar bilinmän galýar.

Rus syýasatçysy Grigoriý Ýawlinskiniň pikiriçe, Ikinji Jahan urşunda halk örän uly baha töledi we dünýä derejesindäki şeýle betbagtçylyk nädip boldy, bu soraga syýasatçylaryň anyk we dogruçyl jogap bermegi zerur.

Şahyr Gurbannazar Ezizowyň setirlerine dolanyp gelsek, "Diriler gezip ýör, gysyp dişlerin, Ölenleň ölmüne sebäpkär ýaly."

Magtymguly Pyragynyň we Mämmetweli Keminäniň heýkelleri

BMG-niň Magaryf, ylym we medeniýet guramasynyň (UNESCO) başlangyçlary esasynda her ýylyň 21-nji martynda bellenýän Bütindünýä Şygryýet güni bu ýyl altynjy güne düşdi. Azatlyk radiosy bu gün mynasybetli şygyr barada dürli döwürlerde we dürli adamlar tarapyndan aýdylan sözleriň käbirini öz okyjylaryna hödürlemegi makul tapdy.

  • Aýdan sözüňe pyglyň bolmasyn ýalan göwnüm. Magtymguly
  • Şahyr, hemme zatdan ozaly, dile jan-dilden aşyk bolan adamdyr. W. H. Auden
  • Şygyr durmuş hakykatyna taryha garanda has golaýdyr. Platon
  • Şahyrlar adamzadyň akyly, akyldalar bolsa paýhasydyr. Samuel Beckett
  • Siziň döreden zatlaryňyzyň bary hakykat: muňa ynanyp bilersiňiz. Şygyr hem geometriýa ýaly takyk dersdir. Julian Barnes
  • Şahyryň işi ...ady tutulmasyzlaryň adyny tutmakdan, kezzaplyklary görkezmekden, tarap tutmakdan, çekişmä başlamakdan, dünýäni düzgüne salmakdan we onuň uklamagyna ýol bermezlikden ybaratdyr. Salman Rushdie
  • Elmydama, hatda kyssa ýazaňda-da şahyr bol. Charles Baudelaire
  • Şahyrlar öz tejribelerine gezek gelende utançsyzdyr: olar ony ezýärler. Friedrich Nietzsche
  • Şahyr bolmak üçin sen belli bir derejede kämillige ýetmeli. On alty ýaşlylar özlerini hemişe gowy tanap bilmeýärler. Erica Jong
  • Gögele şahyrlar öýkünýärler; ýetişen şahyrlar ogurlaýarlar. T.S. Eliot
  • Aşyk bolan wagtyňyzda söýgi goşgularyny ýazmaň. Olary aşyk däl wagtyňyz ýazyň. Richard Hugo
  • Men özümi ilki şahyr, soňra sazanda hasaplaýaryn. Men şahyr ýaly ýaşaýaryn we şahyr ýaly hem ölerin. Bob Dylan
  • Şahyr göze görünmeýäniň ruhanysydyr. Wallace Stevens
  • Şygyr garjaşyk duýgularyň aýdyň beýany hökmünde kesgitlenip bilner. W.H. Auden
  • Eger-de men fiziki taýdan kellämiň ýokarsy aýrylan ýaly duýsam, men munuň goşgudygyny bilýärin. Emily Dickinson
  • Pespällik şahyrlaryň arasynda seýrek duşýan gylykdyr, sebäbi olaryň ählisi diýen ýaly özüni dünýäde iň beýik şahyr hasaplaýar. Miguel de Cervantes
  • Erbet goşgularyň ählisi hakyky duýgudan uç alýar. Oscar Wilde
  • Söz - ýalaňaç pikre gyrmyzy dondur. Gurbannazar Ezizow

Ýene-de ýükle

XS
SM
MD
LG