Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda oppozisiýa gysyş güýçlendirilip bilner


Oppozisiýa liderleri Mehdi Karrubi (çepde) we Mir Hussein Musawi.
Oppozisiýa liderleri Mehdi Karrubi (çepde) we Mir Hussein Musawi.

Eýranyň mollaçylyk režimi oppozisiýa görkezýän gysyşyny öňümizdäki hepdelerde güýçlendirer diýlip gorkulýar.

Galplaşdyrylyp, Mahmud Ahmedinejad ýeňiji edilip görkezilen prezidentlik saýlawynyň üstünden alty aý geçendigine, urlup-ýenjilmelere, ýüzlerçe adamlaryň tutulmagyna, gynalmagyna, hatda öldürilmegine garamazdan, görkezilýän garşylyk sowlup gidenok. Pursat tapylsa, demonstrasiýa geçirilip, özgeriş talap edilýär. Käbirleriniň protestçilere görkezilýän gysyşy açyk tankytlamagy, käbirleriniň yslam respublikasy düzgünini halas etmek üçin dialoga çagyrmagy bilen ruhanylaryň arasyndaky bölünişik gitdigiçe çuňalýar.

Häzirki gykylyk yslam respublikasynyň düýbüni tutan Aýatolla Homeýniniň ýyrtylyp taşlanan suraty barada. Döwlet telewideniýesi suraty kimiň, nirede, haçan ýyrtanlygyny görkezenok. Ýöne ol tutuş ýurtda konserwatiwleri, Ahmedinejadyň tarapyny çalýan güýçleri gahar-gazaba mündürdi. Olaryň garaýşyça bu işi planlaşdyran oppozision ýolbaşçylar, Mir Huseýn Musewi, Mehdi Karrubi we beýleki aktiwistler.

Oppozisiýa özüniň bu işde eliniň ýoklugyny aýdýar. Käbirleri hem bu oppozisiýa görkezýän gysyşyny güýçlendirmek üçin režimiň öz gurnan zady diýýär. Suratyny ýyrtyp taşlamak bilen Homeýnä dil ýetirildi diýilýän wakanyň Eýranda häkim topar bilen oppozisiýanyň arasynda barýan göreşe öňümizdäki hepdelerde näme täsiriniň ýetjekdigi belli däl. Ýöne režimiň, konserwatiw ruhanylardan başlap, “Rewolýusiýa sakçylaryna” çenli oppozisiýa görkezilýän gysyşy artdyrmagy isleýändigi welin, görnüp dur. Oppozisiýa hem şaýylaryň mukaddes aýy muharremde demonstrasiýalaryň dowam edip, öz güýjüni görkezmegini umyt edýär.

Synçylaryň köpüsiniň pikiriçe, oppozisiýa bilen ýakyn geljekde nähili iş salyşylmalydygy barada sözi diňlenjek – Ýokary dini ýolbaşçy Aýatolla Ali Hameniýi. Öten juma güni ruhanylaryň bir duşuşygynda eden çykyşynda Hameniýi oppozision ýolbaşçylary ýiti tankytlady, ýöne olary tutmaly ýa jezalandyrmaly diýmedi.

Ýokary dini ýolbaşçy ornunda oturan Hameneýi özüniň hiç bir topara bagly däldigini, hemmelere deň garaýandygyny görkezmäge synanyşmaly. Ýöne ol soňky dört-bäş ýyllykda özüniň Ahmedinejadyň hökümetiniň esasy goldawçysydygyny görkezdi. Ahmedinejadyň hökümetini iş ýüzünde ýöredýän “Rewolusiýa sakçylary”, howpsuzlyk gulluklary we ýustisiýa häkimiýetleri. Bularyň hem üstünden garaýan – Ýokary dini ýolbaşçy.

Gysga möhletleýin garanyňda, oppozisiýa muharrem aýyna planlaşdyrylan demonstrasiýalary amala aşyran ýagdaýynda oňa görkezilýän gysyşyň artdyrylmagy mümkin. Ýöne munuň Ahmedinejad bilen onuň goldawçysy Aýatolla Hameniýe peýdasy degermi? Ol belli däl.
XS
SM
MD
LG