Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nyýazowyň ölenine üç ýyl doldy, Staliniň doglan güniniň 130 ýyllygy bellenýär


Şu gün 20 ýyldan gowrak häkimiýet başynda otyrup, dürli repressiýalara ýol beren Türkmenistanyň birinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ölenine 3 ýyl boldy.

Bu gün geçen iki ýylda Nyýazowyň ýatlama güni hökmünde bellenipdi.

Bu ýyl 21-nji dekabyryň bellenilşi barada türkmenistanly žurnalist Aşyrguly Baýriýew bize şeýle maglumat berdi. “Türkmenistanyň häzirki ýolbaşçylary, ilatyň sosial-ykdysady durmuşyna degişli meseleler boýunça Nyýazowyň dowründe edilen ýalňyşlyklary ýuwaş-ýuwaş düzetmäge synanşýarlar. Emma Nyýazowyň döwründe başgaça pikirler üçin tussag edilen oppozisiýanyň wekilleriniň, graždan aktiwistleriň köpisi henize çenli tussaglykda saklanýar”.

Onuň aýtmagyna görä, Nyýazowyň döwründe bolşy ýaly, onuň ölümine üç ýyl wagt geçendigine garamazdan Türkmenistanda erkin metbugata, söz azatlygyna, köp partiýalylyk sitemasyna henize çenli ýol berilmeýär.

Şeýle hem şu gün Orsýetiň köp şäherlerinde, millionlarça adamyň ölümine sebäp bolan Iosif Staliniň doglan güniniň 130 ýyllygy bellenilýär.

Moskwada kommunistik partiýasynyň lideri Genadiý Zuganow Staliniň mazaryna gül goýup, ýörite dabara geçirmegi planlaşdyrýar diýip, “Eho Moskwy” radiostansiýasy habar berdi.

Staliniň ölüminden soň häkimiýet başyna gelen Nikita Hruşew üç ýyldan soň, 1956-njy ýylda, Staliniň döwründäki eden etdilikleri, repressiýalary açaçan ýazgaryp çykyş etdi.

Şol döwür Hruşewiň “maýylganlyk döwri” diýlip atlandyrylypdy.
XS
SM
MD
LG