Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstanda ýadygärlik krizisi ýüze çykdy


Gürjüstandaky Kutaisi şäherinde sowet döwründe gurlan ýadygärlik ýykylanda iki kişi heläk boldy, 21-nji dekabr, 2009-njy ýyl.
Gürjüstandaky Kutaisi şäherinde sowet döwründe gurlan ýadygärlik ýykylanda iki kişi heläk boldy, 21-nji dekabr, 2009-njy ýyl.

Gürjüstanyň günbataryndaky Kutaisi şäherinde düýn sowet döwründe gurlan ýadygärligiň ýykylmagyna protest bildirmek üçin ýüzlerçe adam ýygnandy.

Resmi düşündirişe görä, ol ýadygärlik parlamentiň täze binasynyň guruljak ýerini giňeltmek üçin ýykylypdyr. Emma tankytçylaryň köpüsi bu ýurduň Ikinji jahan urşunda beren pidalarynyň äsgerilmeýändigini görkezdi diýýär. Ýadygärlik partladylanda atanlykda kutaisili aýal bilen onuň 8 ýaşly gyzynyň ýogalmagy prezident Mihail Saakaşwilä bolan gahar-gazabyň hasam möwjemegine getirdi.

Mihail Saakaşwili doglan gününi beýle bellemeli bolaryn öýtmändi. Kutaiside ýygnanan gaharly protestçiler onuň uruş pidalaryna dikilen ýadygärligi ýykmak baradaky kararyny tankyt etdiler. Gürjüstan üçin ýaranlyk boýunça oppozisiýanyň agzasy, öňki ombudsman Sazar Subari bu meselede günäni prezidentiň üstüne atýar: «Ýadygärlik partladylanda iki adamynyň ölmegi bir adamyň pikir-maksadynyň netijesi boldy we Gürjüstan şol bir adamyň pidasyna öwrülip barýar. Geçen ýylda bolan uruş şol adamynyň maksady esasynda başlanypdy we soň ol utançly soňlandy».

Gürji resmileri başda bu ýadygärligi 21-nji dekabrda, prezidentiň 42 ýaşynyň dolýan gününe gabat ýykmagy planlaşdyrypdylar. Saakaşwili ol ýerde täze parlament binasyny gurmakçydy. Bu onuň merkezsizleşdirmek, paýtagt Tbilisiden beýleki şäherleriň hem ösüşine kömek etmek planynyň bir bölegidi. Emma bu inisiatiwa turuwbaşdan halanmandy. Hatda bu pikiri goldanlar hem parlamenti Kutaisä göçürmek üçin Ikinji jahan urşunda wepat bolan 300 müň gürjüstanla dikilen ýadygärligi ýykmaga garşy bolupdylar.

Oppozisiýa lideri Salome Zurabişwili ozal Saakaşwiliniň Daşary işleri ministri bolup işlän adam. Ol bu ýadygärligiň ýykylmagy Gürjüstanyň uruş döwrüniň pidalaryny äsgermeýändigini görkezdi diýýär.

«Ol azatlyk üçin nasizme garşy söweşen adamlaryň hormatyna dikilen ýadygärlikdi. Bu Ikinji jahan urşunda öldürilen gürjülere we gürji dällere, ýewropalylara we ýewreýlere dikilen ýadygärlikdi. Eger bulary unutmak isleýän bolsak, biz, protest bolmaz ýaly, bir ýerlerden ýadygärligi partladyp goýbermek barada buýruk berýän medenileşmedik prezidentli medenileşmedik millet bolarys» diýip, Zurabişwili aýtdy.

Bu protesti aslynda Gürjüstanyň syýasy oppozisiýasy planlaşdyrypdy. Olar şu ýygnanyşyk esasynda ýadygärligiň ýykylmagynyň öňüni almakçydylar. Emma 46 metrlik ýadygärlik protestiň bellenen gününden iki gün öň, jemgyýetçilikden öňürtmek üçin, birden partladylyp aýryldy we eneli-gyzyň ölümi bilen prezidente garşy gaharly hem gamgyn proteste öwrüldi.

Ýadygärlik partladylan wagty Saakaşwili Kopengagendedi we ol derhal yzyna, Gürjüstana gelip, bu sebitiň häkimini işden aýyrdy we hususy eýeçilikdäki partladyş toparynyň başlygyny tussag etmegi buýurdy. Prezidentiň sözçüsi Saakaşwiliniň bu betbagtçylyga gaty gynanandygyny we döwletiň pidalaryň maşgalasyna goldaw bermegi wada edendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG