Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran öldürilen zenany içalyçylykda aýyplaýar


Tähranly protestçi Neda Aga Soltanyň suratyny göterip barýar. 8-nji dekabr, 2009
Tähranly protestçi Neda Aga Soltanyň suratyny göterip barýar. 8-nji dekabr, 2009

Eýranyň häkimiýetleri oppozisiýanyň geçen tomusky saýlawlardan soňraky hereketlerinde garşylyk görkezişiň simwolyna öwrülen Neda Aga Soltany ABŞ-nyň we Britaniýanyň peýdasyna içalyçylyk etmekde aýyplaýarlar.

Saýlawlardan biraz soňra Tähranyň köçelerindäki protest ýörişine gatnaşan 27 ýaşly Neda Aga Soltan atylyp öldürildi. Şonda bütin dünýä onuň aýylganç ölümine, köçede gana boýalyp ýatyşyna şaýat boldy.

Resmiler Nedanyň ölüminiň şübhelidigini we munuň Eýrana gara sürtmek üçin öňden ýörite gurnalandygyny öňe sürüp gelýärler.

Nedanyň öldürilen pursaty mobil telefon arkaly surata düşürilip, Youtube internet saýty arkaly ýayradyldy. Tiz wagtdan ol köpsanly beýleki internet saýtlarynda-da ýerleşdirildi.

Merhum barada nobatdaky aýyplama

Şondan bäri Eýranyň režimi bu ölüme özüniň dahylynyň ýokdugyny subut etmäge synanyşyp gelýär. Soňky synanyşyklaryň biri-de 5-nji ýanwarda döwlet telewideniýesinde görkezilen dokumental film boldy. Onda Neda Aga Soltanyň daşary ýurtlularyň we oppozisiýanyň döwleti agdarmaga eden synanyşygynyň pidasy bolandygy öňe sürüldi.

Şol dokumental filmde Neda Aga Soltana ok degen mahaly onuň ýanynda bolan bir ýazyjy we fizik alym, şeýle-de Nedanyň bir saz mugallymy bu wakada aýyplanýarlar.

Filmde Nedanyň günbatarly hem-de eýranly dostlary tarapyndan öňürti maşynyň içinde atylyp öldürilendigi we soňra-da onuň jesediniň köçä taşlanandygy tassyklanylýar.

Şaýatlar “Besij” toparynyň agzasyny aýyplaýarlar

Neda Aga Soltanyň öldürilmegine dahylly hasaplanýanlardan biri - Hejazi häzir Londonda ýaşaýar. Telefon arkaly Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde ol beýle filmiň utançly wakadygyny aýtdy: «Günäsiz, ýaş bir gyz protestlerde atylyp öldürilýär, şondan bäri Eýran hökümeti hakyky günäkäri jezalandyrmakdan boýun towlap, gaýta onuň deregine günäni başgalaryň üstüne atmaga synanyşyp gelýär».

Ol bu wakada Neda Aga Soltana şol wagt adamlaryň arasynda ýören ýaragly “Besij” toparyndan biriniň ok atandygyny öňe sürýär.

Neda atylanda, onuň golaýyndaky adamlar “Besij” toparynyň bu ok atan agzasyny saklap, onuň şahsyýetini tassyklaýan dokumentini-de elinden alypdyrlar. Şonda onuň ady we suraty-da oppozisiýanyň internet saýtlarynda ýerleşdirilipdi.

Neda Aga Soltanyň ölüminden 6 aý geçdi. Şondan bäri häkimiýetler bu jenaýata öz dahylynyň ýokdugy we bu işde daşary ýurtlaryň elleriniň bardygy barada dürli toslamalary öňe sürüp gelýärler.

Häkimiýetlerde belli bir pozisiýa ýok

6-njy ýanwarda Eýranyň Bahreýindäki ilçisi Husseyin Abdyllahiýan Nedanyň ölümine Britaniýanyň we ABŞ-nyň dahylynyň bardygyny aýdyp, çykyş etdi.

Londonda ýaşaýan Hejazi Tähranyň öňe sürýän toslamalarynyň üýtgäp durandygyna ünsi çekýär: «Ilkibada Nedanyň diridigini öňe sürdüler, soňra suratyň galpdygyny aýtdylar. Ýene bir gezek olar BBC-niň habarçysynyň Nedany öldürendigini, soňra bolsa Amerikanyň Merkezi Razwedka gullugynyň ony öldürendigini, başga bir gün bolsa Halk mujahedleriniň Nedany öldürendigini öňe sürdüler».

Neda Aga Soltanyň adaglysy Makan Eýrandan çykmazyndan öň biraz wagtlap tussaglykda saklandy. Ol Nedanyň ýagty ýadygärligine häkimiýetleriň şeýle bihormat garamaklaryny olaryň günäsiz gyzyň mazaryna ikilenji gezek “ok atmaklary” diýip hasaplaýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG